Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREK MYŞSASYNDA DÖREÝÄN KISLOROD ÝETMEZÇILIGI: SEBÄPLERI WE ALAMATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (11 Ses)

Agyrlyk derejesi boýunça bu alamatyň ýüze çykmagy ýeňil, orta agyrlykly, agyr we ölüm howply görnüşleri bilen tapawutlandyrylýar. Her derejäni häsiýetlendirýän alamatlar toplumy aýyl-saýyl edilýändir.

Ýürekde döreýän kislorod ýetmezçiliginde ilki ýüze çykýan alamat-ýürek urmalaryň ýygylaşmagydyr. Çünki ýürek öz işlemegini ýygjamladyp, kislorod ýetmezçiliginiň öwezini doldurjak bolýar. Wagtyň geçmegi bilen ýürek “ýadap”, onuň myşsasynyň ýygrylma mümkinçiligi peselýändir. Onuň esasynda ýüregiň işleýşiniň dürli bozulmalary (aritmiýa, ekstrasistoliýa, ýürek garynjyklaryň süýümli çekilmesi) ýüze çykyp bilýändir.

Kislorod ýetmezçiliginiň başky tapgyrlarynda gan basyşy ýokarlanýan bolsa-da, soňundan ol birden peselýändir. Kislorodyň ýetmezçiliginden diňe ýürek-damar ulgamy ejir çekmän, eýsem, dem alyş ulgamda hem bozulmalar döräp başlaýar. Dem alyş has seýrekleşip, onuň bes edilmegi hem ýüze çykyp biler.

Bu ýagdaýyň örän çalt geçýän görnüşlerinde ýokarda agzalan alamatlar döremän, ýüregiň we dem alşyň birden durmagy hem syn edilip bilinýändir.

Ýürek myşsasynda döreýän kislorod ýetmezçiliginiň alamataryny duýman we anyklaman geçirmezlik mümkin däldir. Bu ýagdaýyň iň howply we aýdyň netijesi höküminde ýürek myşsasynyň infarktyny bellemek bolar. Şonuň üçin hem, ýürek kesellerinden ejir çekýän her bir adam öz saglygyna ünsli çemeleşip, şeýle howly ýagdaýyň döremezliginiň öňüni almak maksady bilen degişli çäreleri geçirmelidir.

Köplenç, ýürekde kislorod ýetmezçiligi agyr fiziki agram salmalar, işjeňlik netijesinde hem döräp biler. Onuň ýaly ýagdaýlarda fiziki işjeňligi azaldyp, özüňe dynç bermek möhümdir. Ondan başga-da, bu alamat alkogol içgileriň aşa kabul edilmegi, çilim çekmek netijesinde hem ýüze çykyp bilýändir. Hut şu sebäpli, ýaramaz endiklerden saplanyp, hemme zatda çäkliligi saklamak möhüm bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4296 gezek okalan