Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AÝAGYM AGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Hormatly Maýagözel!

"Aýaklarymyň damarlary agyrýar" diýen jümleden ugur alyp, sizde aýaklaryň warikoz keseliniň bardygyny çakladym. Eger bu şeýle bolsa, siziň aýaklaryňyzyň giňän wena damarlarynyň häsiýetini görüp we gerekli barlaglaryň (gan damarlaryň doppler barlagy) netijesini göz öňüne tutup, dogry netijeleri çykarmak ýerlikli bolardy. Aýaklaryň warikoz keseliniň geçişinde, wena damarlaryň gabsalarynyň ýetmezçiligi, dowamly warikoz ýetmezçiligi, damarlaryň içinde gan lagtalaryň döremegi (tromboflebit), deri gan aýlanşygynyň bozulmalary (trofiki başlar) ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy operatiw bejergini geçirmek üçin görkezme bolup durýar. Ýagdaýyňyzy has anyk kesgitläp we size ýaramly bejerginiň görnüşini anyklap, bar bolan görkezmeleri bilmek üçin, lukmanyňyza gaýtadan ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4293 gezek okalan