Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝÜREK NÄME ÜÇIN ÇALT URÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüregiň ýygy urmasy (tahikardiýa) dürli sebäplere görä ýüze çykýandyr: ýüregiň elektrotolkunlaryny geçirijiliginiň bozulmagy, miokardit, galkan şekilli mäziň işjeňliginiň ýokarlanmagy, gan basyşynyň üýtgemegi, käbir derman we neşe serişdeleriniň kabul edilmegi, kofe içgisiniň çendenaşa kabul edilmegi. Ýokanç kesellerinde beden temperaturasynyň ýokarlanmagy netijesinde hem ýürek urmasynyň ýygjamlaşmagy duş gelip biler. Emosional tolgunmalar, fiziki işjeňlik ýürek urmasynyň çaltlaşmagyna getirse-de, bu ýagdaý fiziologiki bolup, ol wagtlaýyn häsiýete eýedir.

Lukmanlar tarapyndan Sizde ýüze çykan ýürek urmasynyň ýygylaşmagynyň anginadygy kesgitlenen bolsa, megerem, ol bu keseliň gaýraüzülmesi bolan miokarditiň döränligi sebäpli ýüze çykýandyr. Goşmaça barlag geçirmezden belli netijelere gelme kyn bolup durýar.

Ondan başga-da, ýüregiň çalt urmasynyň ýüregiň infarktyna, tromboemboliýa (ganyň lagtalanyp, gan damarlaryny ýapma ýagdaýy) getirip biljekdigini göz öňüne tutup, bu ýagdaýyň anyk sebäbini kesgitlemek üçin gaýtadan kardiolog we otolaringolog lukmanyň maslahatyny almagyňyzyň wajypdygyny belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3395 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Lukman meniñ ýatan wagtymda ýüregim döşüm agyrýar,näme sebäpdenkä,arasynda oýansam agyryp ýatyp bilemok,birden gerek bolsa ýaş barada aýdanymda 19ýaşymda,agyr işem edemok,sebäbi nämekä?

by_Rejepov
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam dogtar men yuregim yatykam batlamda bir minutda 150 gezek urya lukmana yuz tutayynmy yada bolyamy

Mekan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location