Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÖÝKEN KESELLERI BARADA NÄME BILÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz elbetde, dowamly bronhit keseline uçrandygyňyzdan habar berýär. Siz möwsümleýin döreýän üsgülewükden näçe wagt ejir çekýärsiňiz?

Eger üsgülewük, ýylda 3 aýdan az bolmadyk dowamlylykda, 2 ýylyň dowamynda Sizi biynjalyk edýän bolsa, dowamly bronhidiň döränligini aňladýandyr.

Dem alyş ýollaryň ýokarky böleginiň sowuklamagy, çilimkeşlik, zyýanly önümçilik maddalaryň uzak wagtlaýyn täsiri dowamly bronhidiň döremegine sebäp bolup biler. Bejergi çäreleri öz içine çilim çekmekligi bes etme, bronhlary giňeldiji serişdeleri (salbutamol, terbutalin, tiotropin bromid we başgalar, gakylygy gopardyjy serişdeleri (ASS, ambroksol, lazolwan), antibiotik serişdeleri (amoksillin, azitromisin, eritromisin) görkezilen mukdarda kabul etmegi alýandyr.

Bejergi lukman tarapyndan geçirilip, görkezme bilen fizioemleri hem ulanylýandyr. Dowamly bronhit uzak wagt degişli bejergisiz dowam edende, dem alyş ýetmezçiligine, öýken emfizemasyna, öýken dokumasynyň üýtgemegine getirip bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5171 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam hormatly doktorlar Astmanyn bejergisi barmy ??

Roza
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýokanç kesele edilmeli çäreler barada aýdaýyň doktor näme iýdirmeli

Şatlyk
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman öýkende suw bolsa gyzdyryp bilýärmi

Maýsa
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam Lukman hekim.men 16 yasymda lukman doglanymdan bari demim gysya mydama dal ka wagt meselem bugday yygymda sonun ysyna zadyna yada ylgasam basgada kan zatda gysya care bamyka agsamlaryna demimi zordan alyan zordan lukman eger ellinizden...

Salam Lukman hekim.men 16 yasymda lukman doglanymdan bari demim gysya mydama dal ka wagt meselem bugday yygymda sonun ysyna zadyna yada ylgasam basgada kan zatda gysya care bamyka agsamlaryna demimi zordan alyan zordan lukman eger ellinizden gelyan Zat ba bolsa gayrat edayin

Dowamy
Satlyk
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men kakamyn demi gysya usgurya name etmeli name tabletkalar icmeli

Leyla kalandarowa
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Usguremok yone kawagtlar burun dykylanda asgyryan oykendenmika

han
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman oykenin sag tarapynyn aşagynda biri durtyan yaly agyry bar namedenka

han
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam DOKDARLAR hayysh komek edayin Oyken desigini nadip bitirmeli aydayyn bitirip bolyan yoly barmy? Hayysh

Gul
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

salam hormatly doktarmyz mende 2012 nji yyldan bari gakylyk gelyar we bokurdagym gurayar we bronhit keseli bar name etsem bolarka komek edin gayrat edip bilyan zatlarnyzy yazayyn

ARSLAN
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam hotmatli doktarimiz menin ayal donanım oyken hastası giş ayları demi gisyar ve madkasinda yara var bir turli govlasmadi licenye alyar yagdayida kin günde men türkiyede işleyen gyş aynda Türkiye getirsem burada doktara gotersem nahilli bolar...

Salam hotmatli doktarimiz menin ayal donanım oyken hastası giş ayları demi gisyar ve madkasinda yara var bir turli govlasmadi licenye alyar yagdayida kin günde men türkiyede işleyen gyş aynda Türkiye getirsem burada doktara gotersem nahilli bolar ayak doganima bir ziyani bolarmi

Dowamy
jumagul
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location