Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GARA BASMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Halk arasynda bu ýagdaý her dürli düşündirişlere eýe bolýan bolsa-da, lukmançylykda ol howa ýetmezçiligi bilen ýüze şykýan, dem alşyň çuňlugynyň we ýygylygynyň bozulmagyny (dispnoe) häsiýetlendirýän hadysadyr. Bu bozulmanyň döremegine dem alyş ýollarynyň dürli sebäplere görä daralmagy, dem alyş agzalaryň keselleri (meselem, dowamly bronhit), ýürek-damar ulgamynyň keselleri (meselem, stenokardiýa, ýürek gabsasynyň ýetmezçiligi we ş. m.), semizlik, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, wegeto-damar distoniýasy sebäp bolup biler. Nerw ulgamyň ýokary işjeňligi, gaýtalanyp durýan stress ýagdaýy, howsalalyk hem gijeki dem alşyň bozulmagyna getirip bilýändir. Bu ýagdaýyň köplenç hor çekmeler bilen utgaşyp duş gelýänini hem bellemelidir.

Bu bozulmanyň sebäbiniň köpdürlüligi, degişli lukmanlaryň doly barlagyny hem-de bejergisini talap edýändir. Ukynyň bozulmagyna getirýän dem alyş kynçylyklaryny aradan aýyrmak üçin pulmonolog hem-de newropatolog lukmanlaryna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3006 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

myratt96@mail.ru

Мурат
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Mende şu ýagdaý köpülenç günortoda ýatanymda bolup gecýär sebabi bir iki sagatdan turmaly diyip üstimiz ýuwka hemde bi rahat yatanymda görýän. Agşamlyk rahat ýatýan. Lukman gündiz ýatmak maslahat berilýarmika

eziz
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gowy yazlypdyr minnetdar

ποωçα
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location