Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN AGYZDAN GAN GELÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Bedeniň islendik ýerinden, şol sanda agyzdan hem ganyň gelmegi sebäpleriň çalt anyklanylmagyny talap edýändir. Agyzdan ganyň gelmegi demriň ysynyň ýüze çykmagyny döredip, diş etiniň alawlama (gingiwit) keselinde, damagyň yzky diwarynyň we badam şekilli mäziň sowuklama kesellerinde, gan damarlarynyň şikeslenmegi netijesinde ýüze çykyp biler.

Gaýtarmalar bilen kofe içgisiniň reňki ýaly ganyň gelmegi aşgazanyň baş keseliniň alamaty bolsa, açyk ganyň gelmegi aşgazanyň täze döremelerine güman etmäge esas döredip biler.
Şeýle-de, üsgürme wagty köpürjik görnüşli ganyň agyzdan gelmegi öýkenden gan akmany aňladyp, dem alyp ýollaryň täze döremeleriniň, inçekeseliň alamaty höküminde seredilip bilner.

Islendik gan akmalaryň uly ünsi talap edýändigini göz öňünde tutup, adamyňyzyň giňişleýin barlagdan geçmegi üçin maşgala lukmanyňyza ýüz tutmagy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3513 gezek okalan