Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÇGATAMANY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly Myrat!

Içiň gatamagy belli bir kesel bolman, ol iýmit siňdiriş ulgamynyň dürli keselleriniň alamatlarynyň biri bolup biler.

Az hereketli ýaşaýyş düzgüni, nädogry iýmitlenmek (az mukdarda suw kabul etmek, kletçatka garyp önümleri köp iýmek) hem içiň gatamagynyň sebäbi bolup biler.

Häzirki wagtda içiň gatamagyny aradan aýyrmak maksady bilen ençeme tebigy we farmasewtiki serişdeler ulanylýar. Bar bolan kynçylyklaryň sebäbini anyklap, Size degerli bejergi bermek üçin şäherdäki bejeriş-öňüni alyş merkezleriň gastroenterolog lukmanlaryna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Saýtyň lukmany.

  • 3675 gezek okalan