Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÖT HALTAM AÝRYLAN. ŞUNUŇ ZYÝANY BARMY?
"Men 24 ýaşymda. Öt haltam aýrylan. Şunuň zyýany barmy?"
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy,
Öt haltanyň aýrylmagy siziň ýaşaýyş tertibiňizi üýtgetmese hem, iýmitleniş endikleriňize üýtgeme girizmäge esas bolup biler.
Operasiýa içi daşly öt haltadan dynmaga kömek etse-de, daşy emele getiren sebäpleri aradan aýyrmaýar. Ondan başga-da, indi bölünip çykýan ödüň ýygnanmaga anatomiki ýeri bolmansoň, ol az konsentrirlenen bolýar. Edil şonuň üçin hem, aşa ýagly naharlary siňdirmek kynçylygy döräp biler. Ödüň ýokançlyklardan arassalaýjylyk häsiýeti iýmit-siňdiriş ulgamynyň peýdaly mikroflorasyny deňagramlylykda saklamaga kömek eden bolsa, indi içege dizbakteriozy ýagdaýy döräp, täret etmäniň ýagdaýyny üýtgedip biler. Ödüň himiki düzüminiň üýtgemegi, nädogry naharlanma umumy öt ýodajygynyň dykylmagyna, onda gaýtadan daşyň döremegine getirip bilýändir.
Operasiýadan soňky bolýan üýtgemeler öt halta aýrylandan soňky sindrom ýagdaýyny döredip bilýändir. Ol sag gapyrganyň aşagynda agyrylar, ýürek bulanma, gaýtarma, içiň geçmegi, ýa-da tersine gatamagy, ysgynsyzlyk, deriniň saralmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.
Elbetde, öt aýrylmadan soňky döwre mahsus alamatlaryň sizi biynjalyk etmezligi hem mümkin. Öt haltasyz iýmit-siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegi üçin indiki ýönekeý düzgünleri berjaý etmek peýdaly bolar:
↪ Günüň dowamynda ýygy, az-azdan 4-5 gezek iýmitlenmäge çalşyň;
↪ Agyr, ýagly naharlardan, duzly, marinadly, kakadylan önümlerden gaça duruň;
↪ Arassa suwy günüň dowamynda islege görä 1,5-2 l çenli kabul ediň;
↪ Fiziki işjeňligi saklamaga, sport bilen meşgullanmaga çalşyň;
↪ Ýylda bir gezek gastroenterolog lukmanynyň barlagyndan geçip, iýmit-siňdiriş agzalarynyň ýagdaýyny anyklamaga çalşyň.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 97 gezek okalan