Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AŞGAZAN ASTY MÄZI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.41 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Aşgazan asty mäziň sowuklamasy (pankreatit) ýiti ýa-da dowamly görnüşde geçip biler. Bu ýagdaý özbaşdak kesel höküminde ýa-da iýmit siňdiriş ulgamyň başga agzalarynyň keselleriniň gaýraüzülmesi hökmünde ýüze çykyp biler.

Öt haltanyň sowuklamasy, onda daşyň döremegi, kadasyz iýmitlenme, arakhorluk, aşgazan asty mäziň damarlarynyň aterosklerotiki zeperlenmesi, käbir ýokanç keselleriň täsiri, himiki maddalar (gurşun, fosfor, simap) bilen zäherlenme keseliň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Pankreatit keseli üçin işdäsizlik, gägirme, ýürek bulanma, gaýtarma, içiň ýellenmegi, täret etmäniň bozulmalary, içdäki agyrylaryň döremegi mahsusdyr. Mäziň zeperlenen bölegine baglylykda agyrylar sepirjigiň sag ýa-da çep tarapynda, çep gapyrgasty tarapda aýlawly häsiýetli döräp biler. Agyrylar tutgaý görnüşli hem bolup, ýagly, ýiti iýmit kabul edilenden soň ýüze çykyp bilerler.

Keseliň bejergisi berhiz tutma (beloklaryň mukdaryny ýokarlandyrma, ýagy çäklendirme), mäziň çykarýan fermentleriniň täsirini basyjy (kontrikal, gordoks, trasilol) serişdeleri, iýmit siňdiriş fermentleri, görkezme boýunça antibiotikleri ulanma çäreleri öz içine alýandyr.

Mäziň kistalary emele gelende, onuň iriňlemegi, mäziň çykaryjy ýodalarynyň şikeslenmelerinde, keseliň güýçli agyrylar bilen geçýän görnüşlerinde hirurgiki bejergi geçirilýär. Pankreatit keselinden ejir çekýän näsaglar gastroenterolog lukmanyň kadaly gözegçiliginde saklanmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 9503 gezek okalan

Teswirler (17)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam doktor menin asgazan asty mazlerininde sowuklamalar bar diydiler ona nameler komek edip biler

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman. Menin agzymdan erbet ys gelyar. Sony nadip duzedip bolar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman.Menin hergun irden agzym ajayar name etsem bolar nameden bolup biler

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Turimenistanda lukman yok
Çaltirak aylik nasagran pul hantama biluan zatlari yok.....men 3 yul kosenyan bilyan adam yok .

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman menin asgazanym agryar name etmeli 12 barmak icegede yara doran 3 yyl anrda licenya alym gowlananok su wagyt yene agryar name etmeli

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman men name iysem asgazanym sindirenok derman icip sindiryan arkamam agyrya der basya sol nameden bolup biler

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

salam ashgazan asdy mazin doremegi bedenin dashky yuzunede tasir edip bilermi?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam Haýsy kesel barda sorasañbolýarmy

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukmanlar. Bowrek kistalary name. Men dushunemok. Mana kyn gormeseniz dushundirayin. Gorkyly zatmy?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam. Menin iki yas alty aylyk gyzymyzyn asgazan asty mazi onat islanok.tareti mydama bozuk slizli iymiti sindirman goni cykarya.isdasi gowy .icegelerine dermanlaryny dowamly iciryan bolanok.Maslahatynyz gerek .Asgazanasty mazin yada icegelerde...

Salam. Menin iki yas alty aylyk gyzymyzyn asgazan asty mazi onat islanok.tareti mydama bozuk slizli iymiti sindirman goni cykarya.isdasi gowy .icegelerine dermanlaryny dowamly iciryan bolanok.Maslahatynyz gerek .Asgazanasty mazin yada icegelerde nasazlygyn barlygyny yas cagalarda nali barlaglar arkaly anyklap bolyar.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location