Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEMREMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Eroziw gastriti aşgazanyň nemli örtüginiň sowuklama hem-de eroziw üýtgeme häsiýetli bozulmalary bilen tapawutlandyrylýar. Gastritiň bu görnüşine aşgazan şiresiniň kadaly ýa-da ýokary mukdarda işlenilip çykarylmasy mahsusdyr.

Siz ýörite berhiz tutmadan başga nähili bejergini alýarsyňyz? Bejergi çäreleri aşgazanyň ýygrylmagyny kadalaşdyrýan, aşgazan şiresiniň täsirini ýumşadýan, aşgazanyň nemli örtügini täzeden dikeltmäge ýardam berýän serişdeleri ulanmakdan ybaratdyr. Keseliň durnukly ýagdaýa geçen döwründe berhizi giňeltmek maslahat berlip biler. Ýöne onda-da näsaga nahar duzuny, ýiti tagamlary, uglewodlary çäklendirmek peýdaly bolar. Keseliň durnukly döwründe şypahana bejergisini geçirmek, bikarbonatly mineral suwlaryny ulanmak peýdaly netijeleri berip biler.

Aşgazanyň nemli örtüginiň dikeldilmegine gönükdirilen möwsümleýin bejergileri alyp, gözegçilikde bolmak üçin gastroenterolog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4599 gezek okalan