Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PEŞEWIŇ BEJERIJILIK HÄSIÝETI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Peşew bilen bejermek (urinoterapiýa) – ilki bilen Gadymy Hindistanda giňden ýaýrap, biziň günlerimize çenli saklanyp galdy. Geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap, bu usul has hem ýörgünli boldy.

Bu usulyň tarapdarlaryny diňleseň, onda peşew bilen (ony çalyp we içip) hemme keselleri, şonuň ýaly-da, AIDS, inçekesel, merezýel, düwnük keselleri hem bejerip bolýanlygyna ynanmaly bolýar.

Lukmanlar adam peşewiniň kabul edilmeginiň howplulygyny belleýärler. Eýsem peşew näme? Ol işlenilip bedenden çykarylýan önümdir. Birgije-gündiziň dowamynda böwrekler öz üstünden 1500 litr gany süzüp geçirip, 180 litr mukdarda ilkinji peşewi emele getirýändirler. Ol peşewiň böwrek kanaljyklaryndan geçmegi netijesinde beden üçin peýdaly maddalar yzyna sorulyp, suwda eredilen zyýanly maddalar ikilenç peşew görnüşde bedenden çykarylýandyr.

Sag adamyň peşewi moçewina, kreatinin, peşew turşulygy, ammiak ýaly maddalary saklap, olaryň ýygnanmasy beden üçin howply bolup biler. Näsag adamlaryň peşewi, bellenen maddalardan başga, aseton, agyr metallaryň duzlaryny, ýokançlyklary hem saklap bilerler.

Belki-de, öz-özüňi ynandyrma netijesinde (plasebo-häsiýeti) peşew bilen bejergi käbir ýeňil bozulmalardan dynmaga kömek edip biler. Peşew bilen bejergini başlajak adam, özünde çynlakaý keselleriň, şonuň ýaly hem ýokançly we iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň ýoklugyny anyklamalydyr.

Ondan başga-da, peşew bilen bejerginiň keseli bejermekde gymmatly wagtyň ýitirilmeginiň sebäbiniň bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Bu usul göwreli aýallar üçin has hem howply bolup, ol çaganyň ösüşiniň bozulmalaryna we çaga düşme ýagdaýlaryna getirip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1917 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location