Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOUTI EKSTRAKTY BARADA MAGLUMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýaponiýada öndürilýän "Touti" ekstrakty biologiki işjeň serişdelere degişli edilip, ol ýapon halkynyň giňden ulanýan noýbasynyň adaty ýagdaýda turşadylan görnüşidir. Noýbanyň bu görnüşi dine Ýaponiýada duş gelýär. Serişde kem-kemden köpeldilýän mukdardan kabul edilmelidir.

Touti serişdesi keseli doly bejermäge ukyply bolmasa hem, süýji keselli näsaglaryň umumy ýagdaýyny gowulandyrmaga we ganda süýjiniň mukdaryny kem-kemden peseltmäge ukyplydyr. Bu derman, biologiki işjeň serişdesi höküminde dine lukmanyňyzyň maslahatyndan soň kabul edilmelidir. Bu dermanyň dermanhanalarymyzda bardygy ýa-da ýokdugy babatda bizde maglumat ýok.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3276 gezek okalan