Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GIPOGONADIZM NÄME?
"Salam lukman! Gipogonadizm näme we ony bejermegiň ýollary barmy?"
Saýtyň okyjysy
Hormatly okyjy!
Gipogonadizm – erkek adamlarda ýumurtgajyklaryň, aýallarda bolsa ýumurtgalyklaryň kadasyz işjeňligi bilen häsiýetlenýän patologiki ýagdaýdyr. Jyns mäzleriniň kadasyz, jyns gormonlaryny ýeterlik bolmadyk mukdarda işläp çykarmagy daşky we içki jyns agzalaryň, ikilenç jynsy alamatlaryň ösmede yza galmagyna sebäp bolýar. Köp halatlarda bu alamatlara ýag we belok çalşygynyň bozulmalary hem goşulýar.
Erkek gipogonadizmi birnäçe sebäpleriň täsiri bilen ýüze çykyp bilýär:
↪ genetiki bozulmalar netijesinde jyns mäzleriň dogabitdi ösmezligi;
↪ bedene zäherleriň (alkogol, zäherleýji maddalar, himiýa bilen bejergide ulanylýan serişdeler) we şöhle bilen bejergide ionizirleýji şöhläniň täsir etmegi;
↪ wirus we bakterial ýokançlyklaryň täsiri;
↪ jyns mäzlere şikesiň ýetirilmegi.
Erkek gipogonadizmiň alamatlary näsagyň ýaşy we androgen gormonlaryň ýetmezçiliginiň derejesi bilen kesgitlenýär. Göwredäki çagada döreýän mäzleriň dogabitdi kemçiligi daşky jyns agzalaryň emele gelme kemçiliklerine sezewar edip bilýär. Uly ýaşly çagalarda bolsa jynsy kämilleşmäniň togtamagynyň sebäbi bolup biler.
Oglanlar uzyn boýy, aşa uzyn elleri we aýaklary, döşüniň we eginleriniň kiçiligi bilen tapawutlanýarlar. Beden myşsalary ösmedik bolup, käbir näsaglarda aýallara mahsus bolan semizlik we jyns agzalaryň ösüşden yza galmagy anyklanylýar. Erkek adamlar süýt mäzleriniň ulalmagyna (ginekomastiýa), ýüzünde we bedeninde gyl örtüginiň bolmazlygyna sezewar bolýarlar. Köplenç halatlarda erkeklerde ujydyň gönelme häsiýetiniň bozulmagy we aýallara bolan islegiň ýitmegi syn edilýär.
Bejergi çärelerini urolog lukmanyň gözegçiliginden soň endokrinolog lukmany düzýändir. Bejerginiň esasyny düzýän androgen gormonlarynyň mukdary näsagyň ýaşyna we bar bolan alamatlara görä bellenilýändir.
Aýal gipogonadizmi hem ýumurtgalyklaryň ýeterlik ösmezligi we işiniň ýetmezçiligi bilen häsiýetlenýär. Bu ýagdaý genetiki bozulmalar, ionizirleýji şöhlelenmäniň täsiri, hirurgiki galtaşma sebäplerden başga hem, ýumurtgalyklaryň polikistoz keseliniň, gipofiz mäziniň işiniň bozulmalarynyň esasynda hem ýüze çykyp bilýär.
Çaga dogurýan ýaşdaky aýallarda bu ýagdaý aýbaşy bozulmalary we onuň kesilmegi, daşky jyns agzalaryň kiçelmegi bilen alamatlanyp biler. Ýumurtgalyklaryň işiniň ýetmezçiligi jyns agzalaryň, süýt mäzleriň ösüşden yza galmagyna, jyns agzalarda gyl örtüginiň bolmazlygyna getirýär. Keseliň jynsy kämillik ýaşyndan öň ýüze çykmagy gyzjagazlarda ikilenç jynsy sypatlaryň bolmazlygynyň sebäbi bolýar.
Anyklaýyş we bejergi çärelerini ginekolog we endokrinolog lukmanlary bilelikde alyp barýarlar. Keseliň alamatlaryna we aýal maşgalanyň ýaşyna baglylykda, aýal gormonlarynyň berliş tertibi düzülýär. Bejergi esasan etinilestradiol saklaýan serişdeleriň bellenilmeginden, soňundan onuň gestagen serişdeleri bilen utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Süýt mäzleriniň, jyns agzalaryň, böwregiň, bagryň howply döremelerinden bejergi alýan aýallara gormon bejergini bellemek gadagandyr.
Hormat bilen, saýtyň lukmany
- 770 gezek okalan