Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

 Hormatly okyjy!

Siz öň oftalmolog lukmanynyň maslahatyny aldyňyzmy? Siz äýnek ýa-da linza ulanýarsyňyzmy? Sizde miopiýa hem-de gipermetropiýa pes derejede ýüze çykan bolsa-da, görüşiň bozulmasynyň bu iki görnüşi utgaşanda görüşi  ýokarlandyrmak üçin äýnek ýa-da linza saýlap almak kyn bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda ýygnaýjy (linzanyň aşaky bölegi okamak üçin) hem-de dargadyjy (ýokarsy – daşdaky zatlary görmek üçin) linzalardan ybarat bifokal linzalary ulanmak peýdaly bolar. Okamak hem-de daşdan görmek üçin degişli äýnegi ýa-da linzany saýlamak üçin oftalmolog lukmanyna ýüz tutma netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2322 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam, hormatly lukman! Men her gezek sowukda daşarda gezenimde gözlerim ýaşarýar.Munuñ sebäbini düşündiräýseñiz.Ýazjak jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn...

Saýtyñ okyjysy, Nury
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Doktor men sizden gozun keseli ( astegmatizim) keseline nahili bejergi yoly bilen duzeltmeli bejergisi barada ginisleyin gurrun berseniz biz sizden minnetdar bolardyk. Jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyas.

muhammet
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location