Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖZÜŇ ÝYGY GYRPYLMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.00 (4 Ses)

Hormatly Babaguly!

Biziň gözlerimizi del jisimleriň düşmeginden gorap, ony kadaly nemlendirip durmak üçin, gözlerimiz 1 minutda 15-20 gezege çenli gyrpylyp durýandyr. Onuň kadadan has ýygy gyrpylmagy, göz myşsalarynyň aşa ýygrylmagynyň sebäbi bolýan nerw kesellerinde (meselem, Turettiň, Parkinsonyň keselleri, dürli sebäplere görä döreýän damar çekmeler), gözüň buýnuz gatlagynyň şikeslenmelerinde, gözleriň aşa guraklygynda, göz linzalarynyň nädogry ulanylan ýagdaýlarynda ýüze çykyp biler. Şeýle-de, ýadawlylyk we stress ýagdaýlara ýygy sezewar bolmak hem gözüň ýygy gyrpylmalarynyň wagtlaýyn döremeginiň sebäbi bolup biler. Barlaglary geçirip, bu ýagdaýyň düýp sebäbini bilmek üçin oftalmolog we newropatolog lukmanlaryna ýüz tutmak netijeli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1629 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Lukmanyn beren jogaby hic gownume yaramady. Nasag goz gyrpmasynyn kadasyzlygy barada soraya lukman bolsa wikipediyadaky goz gyrpmasynyn kadasyzlygynyn kesgitlemesini aydyp beryan yaly.

Mekan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location