Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖRŞI GOWULANDYRMAGYŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Operatiw bejerginiň peýdalylygy we bolup biljek gaýraüzülmeler baradaky anyk maglumaty, göz düýbüniň ýagdaýyna esaslanyp, diňe Size gözegçilik edýän lukman berip biler. Barha ýaýbaňlanýan miopiýada ilki bilen gözüň dury gatlagyny dikeldiji (skleroplastika) operasiýa geçirilýär. Lazeri ulanma usuly bilen geçirilýän operatiw bejergi peýdaly netijeleri berýän bolsa-da, ony geçirmäge garşy hem görkezmeleriň sanawy bellidir. Gözüň öňki we yzky böleginiň ýiti we dowamly alawlama hadysalary, gözüň torly gatlagynyň üýtgemeleri, buýnuz gatlagyndaky tyglar, göze garasuw inme keseli, gaýtaüzülmeli geçýän miopiýa, katarakta keseli lazer bilen bejergi geçirmä garşy görkezmeler bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5275 gezek okalan