• Sorag-jogap
  • Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ANGINA BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (8 Ses)

Hormatly lukman! Meni anginanyň beterleme ýagdaýlary biynjalyk edýär. Bejergi alsam hem peýdasy degenok. Ýene beterleýär. Indi ýüregimde işemiýa bar diýip hem aýtdylar. Lukmanlar operasiýa etmeli diýýärler. Men bolsa gorkýaryn. Başga bejergi usullary barmyka? Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy, Suraý.

Jogaby oka

  • 4266 gezek okalan

BURUN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam, saytyň Lukmany! Men 20 yaşymda (gyz). Gyşyñ güni gelyärem welin, burnumyñ suwy dynanok. Dynmany suw gaydyp duryar. Şonuñ üçin gyşda köpçulik yerde oturyp bilemok. Elimde 2 sany  el ýaglyl bolýar. Men elýaglyk göterip gezmekden ýadadym. Meniň joralarymyň hiçisinde beýle ýagdaý ýok. Burnum näme sebäpden akýarka? Köpçülikde burnumy süpürip durmaga utanýan. Maslahatyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2359 gezek okalan

BURUN GANAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň doganymyň burny ganayar. Ol 10 ýaşynda, oglan. Gahary gelse, gaýgylansa, burny ganaýar. Lukman barlagyndan geçmedik. Şu barada maslahat berseňiz, minnetdar bolardyk.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3160 gezek okalan

ANGINADAN EJIR ÇEKÝÄRIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men çagalygymdan bäri anginadan ejir çekýärin. Buzgaýmak iýsem, bokurdagymy gysyp agyragyrdýar. Anginam galanda, ol ayaklaryma, bilime berip, ýöremegim kynlaşýar. 20 ýaşymda angina aýyrtmaga gorkýan. Näme etsemkäm? Anginamy aýyrtsam, ondan dynarmykam?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3581 gezek okalan

IRIŇIŇ BEJERGISI!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gaýmorit keselinden ejir çekýan adamlaryň biri. Men şu iriňiň nädip öňüni alyp bilerkäm?! Men çagalykdan bäri kösenýän! Dogrymy aýtsam, şu gaýmorit zerarly yatkeşligime täsir etýän ýaly, kellagry ýygy-ýygydan gaýtalanýar! Men bejergi alýan, emma gaty ol diýen ýaly täsiri uzaga çekenok! Meniň bejergi alan görnüşlerim: ýuwduryp gördüm, deşdirdip gördüm, duz bilen ýuwdum, emma 10 günden köp ýuwamok! Gaýmoride garşy dermanlary ulandym, olaryň köpüsini doly ulanamok! Gaýrat edip, jogap ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Bu keseliň öňüni alyş çäreleri barmy? Eger bar bolsa, nähili çäreler. Bu beýleki okyjylar üçin peýdaly bolar. Bize wagt sarp edýäniňiz üçin Size we işewür ýoldaşlaryňyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2169 gezek okalan
  • 1
  • 2