Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DIŞ
Hormatly Bossan!
Dişleri örtýän gaty dokumalaryň çüýräp dargamagy kariýes keseliniň alamatydyr. Diş syrçasynyň üstünde, iýmit galyndylaryndan emele gelýän örtükde toplanýan Streptokokk mutans ýokançlygy keseli döretmekde esasy orny eýeleýändir. Ýokanşlygyň işjeňligi diş syrçasynyň organiki esasyny zeperlendirip, onda minerallaryň saklanyp galmagyna bökdençlik döredýändir. Netije-de, wagtyň geçmegi bilen kariozly köwek emele gelip, zeperlendiriş derejesine baglylykda üstleý, orta çuňlukda we çuň ýerleşýän ýüze çykyş tapgyrlaryny tapawutlandyrýarlar. Kariozly köwege sowuk, turşy, süýji iýmit galyndylarynyň düşmegi netijesinde diş agyrylarynyň döremegi, keseliň esasy alamaty bolup durýandyr. Kariýesiň bejergisi agyrsyzlandyrmadan soň zeperlenen süňk dokumasyny aýyrmakdan, emele gelen boşlugy plomba bilen doldurmakdan, minerallaşdyrma derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen natriý ftoridiniň 1%-li erginini elektroforez usuly arkaly göýberme ýa-da çalma, kalsiý, fosfor minerallaryny, A, C, D witaminlerini kabul etme çärelerini öz içine alýandyr. Keseliň öňüni alyş çäreleri düzüminde ftor saklanýan pastalary ulanma, beloga, witaminlere, minerallara (süýt we süýt önümleri) baý önümlere ýykgyn etme, ftor saklaýan serişdeleri kabul etme (lukmanyň maslahatyndan soň), ýiti görnüşde ýüze çykýan keselleri wagtynda bejermekden, agyz boşlugynyň arassaçylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Dişiň kariozly zeperlendirmeleriniň öňüni almak üçin stomatolog lukmanynyň kadaly gözegçiligi zerurdyr.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3655 gezek okalan