Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AKYL DIŞ BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (13 Ses)

Hormatly Baky!

Adamda jemi 32 sany diş bolup, şolaryň 4-si akyl dişidir. Olar beýleki çykan dişlerden tapawutlylykda has giç, 17-20 ýaşyň içinde çykýanlygy sebäpli "akyl dişi" diýip atlandyrylýar. Olar ýokarky we aşaky äňde diş hatarynyň iň soňunda çykyp, ýokarky äňde çykan akyl dişleri aşaky äňdäki dişlerden ulurakdyr.

Bu dişler, 80-90% ýagdaýlarda agyryly çykýarlar. Ol dişler köplenç giç çykyp (käbir seýrek ýagdaýlarda 40-60 ýaşda çykyp biler), gyşyk çykmagy bilen ýanyndaky dişi itýärler ýa-da gapdallaýyn ýatmak bilen oňaýsyzlyk döredýärler. Köplenç çykan wagty agzyň nemli örtügini ýaryp boşlugyň emele getirilmegi, ol ýerde ýokançlyklaryň ösmegine şert döredip biler. Ol ýagdaýda lukman diş üstündäki nemli örtügi kesip, degişli bejergini geçirýändir.

Akyl dişleri, beýleki dişlere garanyňda adamynyň iýmit çeýnemesine bary-ýogy 15-20% goşant goşýandyrlar. Şonuň üçin hem uzak agyra çydap durman, ol dişleri sogurmak maslahat berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5099 gezek okalan