Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ISLENILMEDIK GÖWRELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (28 Ses)

Gadyrly okyjy!

Aýalyň aýbaşy halkasy (aýbaşynyň birinji gününden indiki aýbaşynyň birinji gününi öz içine alýar) iki döwürden ybarat bolup, onuň dowamlylygy 21-35 güne (her aýalda dürli-dürli) barabardyr.

Aýbaşy halkasynyň ortasynda ýumurtgalyklarda aýallyk öýjükleri emele gelip, olar 48-72 sagat tohumlanmak ukybyny saklaýandyr. Spermatazoidler (erkeklik jyns öýjügi) hem aýal jyns ýollarynda şonça wagtlap öz işjeňligini saklaýar. Şu maglumatlara esaslansaň, 28 günlik aýbaşy halkasynyň 10-16-njy günler aralygy göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagtdyr.

30 günlik aýbaşy halkasynda 12-17-nji günler aralygynda çaga galmak üçin şertler döreýändir.

Aýalyň jyns agzalaryndan köp, şepbeşik, ak nemiň gelmegi, göni içegede temperaturanyň 37ºС-den ýokary galmagy (gyzgynlyk ölçegi bilen ölçelýär) aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galyp biljekdiginden habar berýändir. Şol günler islenilmedik göwreliligiň öňüni alar ýaly serişdeleri ulanmalydyr.

Aýbaşy halkasynyň dowamlylygyna baglylykda göwrelligiň galyp biljek günlerini Knaus-Ogunonyň kalendarynyň kömegi bilen kesgitläp bolar. Ol kalendaryň ulanyş düzgüni barada maglumaty ginekolog lukmanyňyz berip biler.

Saýtyň lukmany.

  • 12477 gezek okalan