Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KISTA BARADA, KISTALARYŇ DÖREMEGINE SEBÄP...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýumurtgalygyň kistalary gistologiki düzümi boýunça köpdürli bolup, olaryň esasy sebäbine gormonal üýtgemeleriň täsiri degişli edilýär. Şoňa görä hem, kistalaryň döremegi babatda aşakdaky töwekgellik toparlary belläp bolar:

  • Ýumurtgalygyň işiniň bozulmagyndan ejir çekýän aýallar (aýbaşy bozulmalary, önelgeliligiň gaýraüzülmeleri);
  • Başga jyns agzalarynyň täze döremeleri bolan aýallar;
  • Aýbaşdan galma döwründe ýatgydan gan akmalar;
  • Ýatgynyň miomasy;
  • Ýatgynyň ösüntgileriniň dowamly sowuklama keselleri;
  • Ýatgynyň we onuň ösüntgileriniň keselleri sebäpli öň operatiw bejergi geçiren aýallar.

Ýumurtgalygyň kistalarynyň dürli ýygylykda we wagt aralygynda howply täze döremelere öwrülip bilýänligi sebäpli olary ünsden düşürmeli däldir. Endokrin  ulgamynyň bozulmalarynyň wagtynda bejerilmeli, sowuklama ýagdaýlaryň bejergisiniň gijikdirilmezligi, ginekolog lukmanyň barlagy kadaly tertipde geçmek kistalaryň döremeginiň öňüni almaga hem-de özwagtynda olaryň bejergisini geçirmäge ýardam berip biler.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 7104 gezek okalan