Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

POSTINOR DERMANY WE AÝBAŞY KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Hormatly Mahym!

Postinor gormonal serişdesi, aýallyk jyns gormonlarynyň diňe bir görnüşini (progestin) uly mukdarda saklap, bu serişde goranylmadyk jynsy gatnaşykdan soň birinji 72 sagadyň dowamynda, islenilmedik göwrelilikden goranmagyň gyssagly çäresi höküminde kabul edilmek üçin maslahat berlip bilner. Postinor serişdesi jynsy gatnaşyklary seýrek geçirýän aýallara maslahat berilýär we bu gormon serişdesi kadaly jynsy gatnaşyklary geçirýän aýallar üçin niýetlenen däldir. Bu serişdäniň kadaly kabul edilmegi aýbaşy bozulmalaryna getirip bilýänligini göz öňüne tutup, göwreliligiň öňüni almak üçin düzüminde estrogen we gestagen saklaýan, utgaşdyrylan gormon serişdeleri (regulon, lindinet, nowinet we ş. m.) saýlap almaklygyňyzy maslahat berýäris. Bu maksat üçin ginekolog lukmanyňyza ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4734 gezek okalan