Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANYŇ GYZ ÝA-DA OGLANDYGYNY NÄDIP BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (35 Ses)

Hormatly okyjy!

Enäniň göwresindäki çaganyň jynsyny (gyzmy ýa-da oglan) diňe ultrases barlagynyň kömegi bilen dogry anyklap bolar.

Göwreliligiň 12-nji hepdesine çenli düwünçegiň jyns agzalary doly emele gelip, ultrases barlagynda anyklama mümkinçiligi dörese-de, düwünçegiň jynsyny 20-22 hepdeden soň has anyk bilip bolýandyr. Ýöne has uly möhletlerde hem çaga datçige tarap arkasy bilen ýerleşen ýagdaýynda ýa-da aýajyklary bilen jyns agzasyny ýapan ýagdaýynda jynsyny anyklama kynçylygyny döredip biler.

Birnäçe ýyl mundan ozal britan alymlary 7 hepdelik möhletde düwünçegiň jynsyny anyklama usulyny äşgär etdiler. Bu usulyň esasynda enäniň ganyndan düwünçegiň dezoksiribonuklein turşulygyny hil taýdan anyklamak çäresi ýatandyr. Usulyň çylşyrymlylygy we gymmatlygy sebäpli ol hemme ýurtlarda ulanylmaýar.

Geljekde biziň lukmançylygymyzda hem bu usulyň kämilleşdirilen görnüşiniň giňden ulanylmagy mümkindir.

Halk arasynda, hatda käwagt lukmanlar tarapyndan ulanylýan gadymy hytaý usuly, ene-atanyň ýaşy, ganynyň topary we Rh faktory boýunça düwünçegiň emele gelen gününden başlap anyklama usullary takyk maglumat berip bilmeýär we olara lukmançylyk jähtinden düşündirişi bermek kyndyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 18189 gezek okalan