Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖNELGESIZLIGI NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.92 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Aspermiýa (ýa-da azoospermiýa) – dölde erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotazoisleriň) bolmazlyk ýagdaýydyr.

Ol ýagdaý iki sebäbe görä ýüze çykyp biler:

  • Tohum geçiriji ýollaryň dykylmagy (obstruksiýa) netijesinde döräp, bu ýagdaý şikeslenmeler, tohum haltajygynda geçirilen operatiw bejergiler, jyns ýollarynyň ýokançlygy ýaly faktorlardan soň döräp biler. Bu ýagdaýda ýumurtgajykda erkeklik öýjükleri ýeterlik derejede çykarylsa hem, geçiriji ýollaryň dykylmagy sebäpli ol döle düşüp bilmeýär.
  • Tohumlyk geçiriji ýollaryň açyk bolup, şikeslenmedik ýagdaýynda, aspermiýa ýumurtgajyklarda jyns öýjükleriniň emele gelşiniň bozulmalary netijesinde döreýändir. Bu ýagdaý genetiki bozulmalarda, gormonal üýtgemelerinde, ýumurtgajygyň sowuklama ýagdaýynda (şol sanda jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň täsiri) soň ýüze çykyp biler.

Önelgesizligiň sebäbini anyklamak üçin spermogramma (Siz bu barlagy geçipsiňiz), jyns agzalaryň USB-ny, erkeklik jyns mäziniň göni içege arkaly geçirilýän USB-ny, ýumurtgajygyň biopsiýasyny almak, genetiki we ganyň gormonal barlaglaryny geçirmek netijeli bolup biler.

Bejergi anyklanylan sebäbe görä, derman serişdeleri bilen (antibiotikler, jyns öýjükleriniň emele gelşini tijendiriji serişdeler, jyns agzalarda sepleşme ýagdaýyny aýyrýan serişdeler), fizioemleri ýa-da tohum geçirijileri dikeltmek üçin edilýän hirurgiki operasiýalar arkaly geçirilip bilner.

Bejergi başa barmadyk ýagdaýynda bedenden daşary tohumlandyrma (EKO) usullarynyň dürli görnüşleri maslahat berlip biler. Has giňişleýin anyklaýyş çärelerini geçmek üçin Size urolog, androlog lukmanlaryna ýene bir gezek ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5623 gezek okalan