Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
EKIZ ÇAGA DOGRUP BILERINMI?
Hormatly okyjy!
Ekiz dogurma ähtimallygy nesil yzarlama häsiýetine hem bagly bolup, ol tohum daragtynyň enelik (adamyň ejesi tarap) zynjyry arkaly nesil yzarlaýandyr. Siziň ejeňiz ekiz bolsa, ekiz dogurma ähtimallygy 55-65% ýokarlanyp bilýändir. Eger adamyňyzyň hem ejesi tarapda ekiz dogurma hadysasy syn edilýän bolsa, bu ähtimallyk has hem ýokarlanýandyr.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
<<<>>>
- 10508 gezek okalan