Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILERDE DÖREÝÄN ÇIŞGINLILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (7 Ses)

Hormatly Kerim!

Dynç almadan soň aýrylyp gidýän, mese-mälim bildirýän çişginlilik göwreliligiň bu möhleti üçin mahsus alamat bolup, duzuň we suwuklygyň çäklendirilmegi çişginliligiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni alyp biler. Ýöne bedendäki çişleriň ýaýrap, gan basyşynyň ýokarlanmagy we peşewde belogyň tapylmagy bilen utgaşan ýagdaýynda, bu ýagdaýa has ünsli çemeleşip, bejergini keselhana şertlerinde alma zerurlygyň döreýändigini bellemelidir. Bu alamatlaryň hemmesi, göwrelä we çaga ýaramaz täsir edýän giçki gestozyň başlanýandygyndan habar berýändir.

Şu ýagdaýlary göz öňüne tutup hem-de gelniňizi barlagdan geçirip, dörän çişginliligiň derejesini kesgitlemek üçin, Size gözegçilik edýän lukmana ýüz tutmak peýdaly bolar.

Şeýle-de, bu ýagdaýlar barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik döwründe döreýän giçki gestozlar: tapgyrlary, alamatlary we öňüni alyş çäreleri" atly makala bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3592 gezek okalan