• Sorag-jogap
  • Önelgelilik
  • GÖWRELILIGI ANYKLAMAK ÜÇIN ULANYLÝAN TESTLER BARADA BERILÝÄN ÝÖRGÜNLI SORAGLARA JOGAPLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIGI ANYKLAMAK ÜÇIN ULANYLÝAN TESTLER BARADA BERILÝÄN ÝÖRGÜNLI SORAGLARA JOGAPLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (39 Ses)

 

Göwreliligi anyklamak üçin ulanylýan testler öý şertlerinde, birnäçe minudyň dowamynda göwreliligi anyklamaga kömek berýärler. Testiň görkezýän položitel (göwrelilik bar) jogaby köp aýallaryň uzak garaşan ene bolmak arzuwynyň amala aşandygyny tassyklasa, köpleri islenilmedik göwreliligiň ýüze çykandygy sebäpli uly ünjä goýýar. Testler ýalňyşyp bilýärmi? Olara ynanmak bolýarmyka?

Aşakda göwreliligiň testleri barada ýüze çykýan soraglara jogap bermäge synanyşdyk.

1. Göwreliligiň testi nähili işleýär?

Göwreliligi anyklaýan hemme testler bir düzgün bilen işleýärler – peşewde (öý şertlerde ulanylýan test) ýa-da ganda (laborator test) adamyň horionly gonadotropiny (rus. horioniçeskiý gonadotropin çeloweka) atly ýörite gormonyny anyklaýarlar. Bu gormon diňe göwrelilik döwri işlenilip çykarylyp, göwreli däl aýalda ol aslynda bolmaýar. Düwünçegiň ýatga berkän pursadyndan başlap, ol gormonyň derejesi her 2-3 günden iki esse ýokarlanyp, göwreliligiň 7-12 hepdeliginde iň ýokary derejesine ýetýändir. Çaga doglandan soňky üç hepdäniň dowamynda horionly gonadotropin aýalyň ganynda we peşewinde saklanýandyr.

2. Göwreliligiň testini gündüz geçirmek bolýarmy? Günüň haýsy wagty ony geçirmek netijeli bolarka?

Adatça göwrelilige barlagy geçirmek üçin has göýy bolan irdenki peşewi ulanýarlar. Ýöne akymlaýyn ulanylýan testler hem bolup, olar ýokary düýgurlylygy (gabynda "10mMe|ml" ýazgyny gözle) bilen tapawutlanýarlar. Olaryň ulanylşy peşewi gaba ýygnamagy talap etmeýär. Günüň islendik wagty testi peşewiň akymyna goýup saklama ýeterlik bolup durýandyr.

3. Göwreliligiň testleri ýalňyşyp bilýärmi?

Hemme dykgatnamalar testleriň 95-99% dogry kesgitleme berýändigini ýazýarlar. Diýmek, jogaplaryň nädogry boljakdygyna şübhelenme bardyr.

Eger:

→ Siz testi ir geçirip, horionly gonadotropinyň derejesi örän pes bolan halatlarynda;

→ Testiň ýaramlylyk möhleti geçen bolsa (satyn almazdan öň, onuň gabynda ýazylan maglumaty oka);

→ Testi ýalňyş geçiren bolsaňyz (testi ulanma babatda ýazylan görkezmeleri üns bilen oka);

→ Testiň öňsyrasy köp suwuklyk kabul edilip peşew garylan bolsa, ýalan otrisatel (göwrelilik bolsa-da test ony kesgitlemeýär) jogaby alma töwekgelçiligi ýokarlanýandyr.

Şeýle-de ýalan položitel (göwrelilik bolmasa hem, test bardygyny görkezýär) netijeler:

⇒ önelgesizligi bejermek maksady bilen, düzüminde adamyň horionly gonadotropinyny saklaýan derman serişdeleri kabul edilen halatlarynda;

⇒ howply täze döremeler ýüze çykan halatlarynda;

⇒ düwünçegiň öz-özünden düşmegi ýa-da wagtyndan öň başlan dogrumdan soň ýatgyda düwünçegiň bölekleri saklanyp galan ýagdaýlarynda ýüze çykyp bilýändir.

4. Aýbaşynyň saklanan haýsy gününden testy geçirmek bolýarka? Aýbaşynyň saklanmagyndan öň testi geçirmek netijeli bolup bilermi?

Göwreliligi kesgitleýän testleriň düýgürlylygy dürli-dürlüdir. Adatça köp testler 20-25 mMe|ml (Me-Halkara birlik ml-e) düýgurlylyga eýedir. Olar göwreliligi aýbaşynyň saklanan birinji gününden kesgitlemäge ukyplydyrlar. Ýöne has düýgur (10 mMe|l) testleriň bolşy ýaly, aýbaşynyň saklanmagyndan has ir- düwünçegiň emele gelenden soňky 7-10 günüň dowamynda kesgitleýän gymmat testler hem bardyr. Aýbaşynyň bir hepde saklanmagyndan soňky möhletde bolsa göwreliligi (eger ol bar bolsa) hemme testler hem kesgitlemäge ukyplydyr. Horionly gonadotropinyň derejesiniň peşew bilen deňeşdirlende, ganda has çalt ýokarlanýandygyny göz öňüne tutup, ganyň gormona barlagy netijesinde garaşylýan aýbaşy gelmezden öň hem göwreliligi kesgitlemek mümkinçiligi döreýändir.

5. Göwreliligiň testlerinden nädip dogry peýdalanmaly?

Göwreliligi anyklaýan testler dürli bolup, olaryň hersiniň ulanylşyny düşündirýän dykgatnamalardan ugur almalydyr. Meselem,

Strip-testler (test zolajyklary)

Geçirilmesi ýönekeý, arzan we giňden ulanylýan testdir. Test zolajyklaryny belli bir çyzyga çenli 10-20 sek. dowamynda irki peşew (ol has goýy bolýar) ýygnalan gaba batyrmalydyr. Ondan soň test zolajygyny ýatyryp, birnäçe minutdan alnan jogaba baha bermelidir. Bir zolak çyzyk çyksa-siz göwreli däl, iki zolajyk emele gelse-göwreliligiň galandygyny äşgär edýär.

Planşet testleri

Strip testlere meňzeşdir. Ýöne kagyz zolajyk bu testde plastikli penjirejigiň içine salnandyr. Öňünden ýygnalan irdenki peşew teste ýakyn ýörite deşijege damdyrylýandyr. Testiň netijelerine dörän bir ýa-da iki zolajyklaryň esasynda baha bermelidir.

Akymlaýyn testler

Peşewi bir ýere ýygnamak şertiniň talap edilmeýändigi, bu testiň artykmaç tarapy bolup durýandyr. Testi diňe peşew akymynyň aşagyna tutmak ýeterlikdir. Onuň irden ýygnalmagy hem hökman däldir. Bu testiň görnüşi has düýgur bolup, netijeler edil başga testleriňki ýaly bahalandyrylýandyr.

Elektron testler

Bu testdäki zolajygy isleg boýunça peşewe batyryp hem bolýandyr ýa-da peşew akymynyň aşagyna tutup hem bolýandyr. Jogabyny 3 min. soň okap bolýar. Eger testde "+" belgi ýa-da "pregnant" sözi dörese – siziň göwreliligiňizi, "" ýa-da "not pregnant" – göwreli däldigiňizi aňladýandyr.

6. Haýsy sebäplere görä ikinji çyzygyň gowşak sudury döräp bilýärkä?

Eger test ikinji gowşak bildirýän çyzyjagy görkezýän bolsa hem, bu göwreliligiň bardygyny aňladýandyr. Häzir horionly gonadotropiniň derejesi pes, onuň derejesi ýokarlanan wagty çyzyjak has aýdyň bildirer. Şübheli ýagdaýlar ýüze çykanda test barlagyny 3-4 günden ýene gaýtalamak maslahat berilýär.

7. Testleriň haýsysy amatlyka?

Siziň islegiňize görä jogaplar hem dürli bolup biler. Eger siz göwreliligi has irki möhletlerde anyklamak (düwünçegiň dörän gününden soňky 7 günden ir bolmaly däl) isleseňiz, barlaghanalarda ganyňyzy tabşyryň. Eger Size ýaramly şertler gerek bolsa, islendik wagty ulanylyp bilinýan akymlaýyn testleri ulanyň. Başgalara bolsa, akymlaýyn testler oňaýsyz görnüp, olarda strip-testleri saýlama islegi döräp biler.

8. Testler ýatgydan daşarky göwreliligi görkezip bilerlermi?

Eger çaga düwünçegi ýatgydan daşary ýerde (ýatgy turbalary, ýumurtgalyklar) berkän bolsa hem test položitel jogaby berip biler. Şeýle jogap bilen birlikde aýaly garnynyň aşagynda agyry, ganly bölünip çykmalar biynjalyk edip bilýändir. Beýle ýagdaýda lukmana ýüz tutup USB-ny geçirmek gerekdir. Aýbaşynyň ep-esli saklanmagyna we testiň položitel jogabyna garamazdan, barlag ýatgyda çaga düwünçeginiň ýokdugyny görkezýär. Ganyň horionly gonadotropina barlagy has hem netijeli bolup, ýatgydan daşary göwrelilik ýüze çykanda onuň derejesi pes bolýandyr.

9. Testler göwreliligiň möhletini anyklap bilýärmi?

Testleriň hiç biri hem göwreliligiň möhletini görkezmeýär. Olar diňe göwreliligiň bardygyny ýa-da ýoklugyny kesgitlemäge mümkinçilik berýärler. Ýöne ganyň düzüminde horionly gonadotropiniň köpeliş mukdaryny anyklap, göwreliligiň möhletini aýdyp bolýandyr. Şeýle testleri göwreliligiň irki möhletlerinde ösüşden galýan göwreliligi anyklamak üçin hem ulanýarlar. Eger çaga düwünçegi ösüşden galan bolsa, horionly gonadotropiniň derejesiniň ýokarlanmagy galar.

  • 19613 gezek okalan