Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGA GALMAGY ÜÇIN AMATLY GÜNLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (69 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaga galmagynyň amatly günlerini kesgitlemek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmek möhümdir. Gelen aýbaşynyň birinji gününden indiki, garaşylýan aýbaşynyň birinji gününe çenli aralyk – bir aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny düzýändir. Ol aralyk 21-35 güne barabar bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, aýallaryň aýbaşy halkalarynyň aglabasy 27-28 güne deň bolup durýandyr.

Ýatgyda bir aýbaşy halkasynyň dowamynda bolup geçýän fiziologiki üýtgemeleriň bolup geçişini beýan etmän gysgaça aýdanymyzda, aýbaşy halkasynyň ortasy aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagt bolup durýandyr. Emele gelen jyns aýal öýjüginiň 3 gije-gündiz ýaşaýanyny göz öňüne tutup, dowamlylygy 28 güne deň (halkanyň ortasy 13-14-nji gün) aýbaşy halkasy bolan aýallarda 12-nji günden 17-nji (aýbaşynyň birinji gününden sanamaly) günler aralygynyň göwreliligiň galmagy üçin amatly wagt bolup durýanyny bellemelidir. Aýbaşy halkasy 25 güne deň (ortasy 11-12-nji günler) aýallar üçin bolsa, 9-njy günden 15-nji günler aralygynyň amatly bolup durýandygyny aýtmalydyr.

Endokrin bozulmalary netijesinde aýallyk öýjükleriniň özwagtynda emele gelmegi üýtgäp, olaryň giç ýa-da asla emele gelmezligi hem mümkindir. Bu ýagdaýlar ginekolog we endokrinolog lukmanyň barlagyny we bejergisini talap edýändir. Häzirki wagtda ultrases barlagynyň kömegi bilen aýallyk jyns öýjükleriniň emele gelşini we olaryň ösüşini kesgitleýän follikulometriýa barlagy geçirilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 19274 gezek okalan

Teswirler (26)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Mende caga galdy 3 aylykka dusdi birnji cagam inndi sony govu bolarmyka yoldasym okuvda yanymda dal

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men toyumyn bolanyna 1ay boldy caga galmady nm edeyin

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Galanok caga

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam dogtor men toy edenime 8 yyl boldy caga galanok nace licenya alldyk bolanok name maslahat

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

salam dokdar men iki gyzym ba inden bir yyldan bari caga galanok maslahat berin

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam men durmusa cykanyma 1y bolly cagam bolanok name etmeli liceniya allym yoldasym bn. Maslahat berin??!!

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam doktor menin iki cagam bar indi bolsa gowreli bolup bilmok nadsem bolarka maslahat berayinde

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

meniñ 2 çagam bar indem hiç çaga galanok liçenýa ugruny aldym bolonok maslahat beräýiñdä näme etsem bolar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

doktar men toy edenime 1yyldan gecko hic Cagayan galanok liceniyede Ladyjacks

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam doktor menin birinji cagam yogaldy indem caga galanok name diyip bilersiniz ahli viruslara licenyq aldym

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location