Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Salam, hormatly lukman! "Ujydy ulaltmagyñ çäreleri barmy?" atly makalada ýörite ekstendor abzaly barada örän peýdaly ýazgy ýazypsyñyz. Ýöne ol abzaly nireden satyn alyp bolýar? Aşgabatda satylýan ýeri barmyka? Ujydy ulaldýan her hili dermanlaryñ hem mahabatlandyrmasy internetde köp gabat gelýär. Şolar ýaly dermanlar Aşgabatda dermanhanalarda barmyka? Umuman, men ujydymy ulaltmak isleýän, emma bular ýaly temadan her ýerde gürrüñ edip bolanok. Utanylýar ýa-da aýyp görülýär. Şonuñ üçin hem Sizden sabyrsyzlyk bilen jogaba garaşýaryn. Gaýrat edip ýol salgy beriñ! Siziñ halkyñ saglygy üçin edýän işleriñize uly minnetdarlygymyzy bildirýäris!
Salam, hormatly lukman! Ujydyñ (penisiñ) ululygy erkek adamlaryň hemmesini-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz erkekler hemmämiz hem ujydymyzyň ulurak bolanyny kem göremzok (hut menin özüm 18 sm bolmagyny isleyän, su wagt 27 yasymda)! Su tema barada internetde birnäçe zatlara gabat geldim: ujydyñ boyuny ösdürmek ücin tabletkalar, enjamlar, yörite mashklar... Ýöne bu zatlar näderejede dogruka? Hakykatdan hem medisinada ujydyñ (penisiñ) boýuny, inini uzaltmagyň bir usuly barmy? Eger bar bolsa nirä ýüz tutmaly? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, gaty hoşal bolardyk!
Salam saýtyň lukmany. Berjek soragym üçin bagyşaweriň, aýyplaşmaň. Meniň ujydym turýar, ýöne jyns gatnaşygynyň dowamynda dölümi çalt dökýän, yz yany ujydym wagty bilen turanok. Bu impotensiýamyka? Munuň bilen nähili göreşmeli? Mana kömegiňiz deger diýip umyt edýän.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.