Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MASTURBASIÝA ÖNELGESIZLIGE GETIRIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (32 Ses)

Hormatly okyjy!

Umuman alanyňda, masturbasiýa bilen meşgullanma endigi dölüň hiline we mukdaryna täsir etmeýär. Ýöne bir bellemeli aýratynlyk bardyr. Eger masturbasiýa yzly-yzyna geçirilse, erkeklik öýjükleriniň mukdarynyň we işjeňliginiň kada görä biraz peselmegi we soňundan kadalaşmagy syn edilip bilner. Aýalyňyz bilen jynsy gatnaşyk etmezden öň, masturbasiýa bilen meşgullanmazlyk oňaýly şert bolup durýandyr (eger öýleneniňizden soň hem bu endik saklanýan bolsa!). Aýalyňyzda çaganyň galmazlygy, ýagny önelgesizlik barada gürrüň etmek entek ir, çünki siziň toý edeniňize we jynsy gatnaşygy başlanyňyza bary-ýogy 3 aý bolupdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 8377 gezek okalan