Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄME ÜÇIN SAKGAL ÖSÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzüňizdäki tüýler oglanlarda 14-15 ýaşa gabat gelýän ikilenji jynsy alamatyň biri bolup durýar. Şol döwür hemme oglanlar sakgalyň nädip we näme üçin ösýäni barada gyzyklanyp başlaýarlar. Ýüzüňizdäki tüýler ýüzüň derisini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden, sowuk howadan goraýar. Lukmançylyk nukdaý nazaryndan, sakgalyň emele gelmegi we ösüp başlamagy göniden-göni erkeklik gormony testosterony bölüp çykarýan mäzleriň işjeňliginiň 14-15 ýaşda has artýandygyna bagly. Bu gormonlar oglanjyklary ýetişen ýigitlere öwrüp başlaýar. Bu döwürde diňe ýüzüňdäki tüýler däl, eýsem tutuş bedendäki tüýler ösüp başlaýar. Şundan daşary tüýleriň ösmegini adrenalin gormony hem güýçlendirýär. Adrenalin bedendäki ähli hadysalary çaltlaşdyrmaga ukyby bar. Haçanda sakgalyň ösüşinde näsazlyk duýsaňyz, Siz endokrinolog we dermatolog lukmana ýüz tutup bilersiňiz.

Sakgalyň ösüş tizligi her adamda üýtgeşikdir. Şonuň üçin Size sakgalyňyz durmuşda päsgel bermejek bolsa onda syrmasaňyzam bolýar. Ýöne syranyňyz bilen hem hiç hilli zyýan ýetirmersiňiz. Siz eýýäm 17 ýaşyňyzda. Käbir oglanlar 12-14 ýaşdan murtlaryny we sakgallaryny syrýarlar. Bu ýagdaýa hem ýokarda aýdyp geçilen gormonlar we genetiki nesil yzarlaýjylyk sebäp bolup durýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2673 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sakal osdirmek ucn name etmeli lukman

Arslan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman mende sakal seyrek nadip galyn edip bolya name derman icmeli ya da name zat etmeli shonga jogap yazsangyz gowy bolardu

Arslan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam Sakal seyrek bolsa ony nadip gur edip bolarka, Yaradan erkegi sakal bilen, ayaly sacy bilen bezapdir diyip esitdim.

Agagurdan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman.SAKGALY NADIP OSDIRIP BOLYAKA. SHONA JAGAP YAZAYSANYZ GATY GOWY BOLARDY. SAG BOLUN.

joha
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location