Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WIAGRANYŇ TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.65 (34 Ses)

Hormatly okyjy!

Wiagra, sinegra, sinagra, kalagra derman serişdeleriniň hemmesiniň düzümini sildenafil işjeň maddasy düzüp, ol ujydyň gowak görnüşli bedeniniň myşsalaryny gowşadyp, olara ganyň gelmesini güýçlendirýändir. Netijede, ujydyň gönelmegi (ereksiýa) bolup geçýändir.

Şeýle täsirli derman serişdeleri meýilleşdirilen jynsy gatnaşyklardan 1 sagat öň kabul edilýändir. Ulular üçin bir gije-gündizde kabul edilmeli dermanyň mukdary 50 mg. barabardyr.  Dermana bolan duýgurlylyga baglylykda, dermanyň mukdary 25mg. çenli azaldylyp ýa-da 100 mg. (100 mg. – bir gezek kabul edilip bilinjek mukdar) çenli ýokarlandyrylyp bilner.  

Bu topara degişli derman serişdeleriniň ýaramaz täsirleri aşakdaky alamatlar  bilen ýüze çykyp bilýändir: baş aýlanmalar, endamyň gyzmagy, kelagyrylar, ýürek bulanma, içgeçme, deride örgünleriň döremegi, burnuň dykylmagy, erkeklik jyns mäziniň işiniň bozulmagy.

Şeýle hem aşakdaky ýagdaýlarda bu derman serişdeleri ulanmak bolýan däldir:

► gan akmalara bolan ýykgynlylyk;

► aşgazanyň baş keseliniň ýitileşmegi;

► bagryň işiniň bozulmalary, sirroz;

► ýürek-gan damar ulgamynyň keselleri – gan basyşyň ýokarlanmagy, stenokardiýa, ýürek ýetmezçiligi;

► ujydyň anatomiki bozulmalary (Peýronyň keseli, kawernoz fibrozy).

Şeýle täsirli derman serişdeleri aýallara we çagalara bellenilmeýär. Geçirlen barlaglar, bu serişdeleriň  bir gezek kabul edilende erkeklik öýjükleriniň hiline we mukdaryna täsir etmändigini görkezdi.

Eger erkek adam ýüregiň infarkt keselini geçiren bolsa, soňky 6 aý bu dermany kabul etmek bolmaýar. Şeýle hem, seksual işjeňligini geçirmäge garşy görkezmeleri bolan erkeklere bu dermany ulanmak bolmaýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6902 gezek okalan