Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HAÝSY UZYNLYK KADA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (114 Ses)

Erkek adamlaryň hemmesi diýmesem hem, aglaba bölegi ujydynyň uzynlygyna üns berýärler we ony köpeltmegiň isleginde bolýarlar. Gynansakda, ujydy düzýän gowak görnüşli bedenjikler gaty bolan belokly örtükden ybaratdyrlar: olary myşsalar ýaly "ösdürip" hem bolmaýar, dürli agramlyklary asyp süýndirip hem bolmaýar. Islegi uly bolan erkek adamlar üçin eke-täk mümkinçilik höküminde hirurgiki usuly maslahat berip bolýar, ýöne hirurgyň öňünde ýatmakdan köpler gorkýarlar.

Erkek adama öz ujydynyň uzynlygyna baha berip, bolup biljek bozulmalary kesgitlemek üçin urolog-lukmanlary tarapyndan düzülen synag testini siziň dykgatyňyza ýetiresim gelýär.

Gadymy bilermenleriň pikiriçe, ujyt oňa howanyň düşmesi arkaly gönelýär ekeni. Häzir bolsa ujydyň gönelmeginiň esasy sebäbiniň jynsy oýanmada arterial ganyň ujyda gelmesiniň ýokarlanyp, wena ganynyň bolsa gitmeginiň kynlaşmagyndadygyny hemmämiz bilýändiris.

Indi bolsa, ujydyň uzynlygynyň onuň gönelen wagtynda ölçelmelidigini ýatda saklap, netijeler bilen deňeşdiriň.

1-2 sm. – gönelen wagtynda şeýle uzynlykly ujyt çagalarda duş gelýär. Uly erkek adamda şeýle uzynlykly ujydyň bolmagy agyr dogabitdi kemçiligiň bardygyndan habar berip, urolog-androlog lukmanlaryň maslahatyny talap edýändir. Bu diňe bir psihiki, kosmetiki we peşew çykaryş bilen bagly bozulmalaryň çözbaşy bolman, eýsem önelgesizligiň sebäbi hem bolup biler.

3-7 sm. – eger gönelen wagty ujydyňyz şeýle uzynlyga eýe bolsa, ol kiçi ujyt hasaplanýar. Bu bozulma hirurgiki bejergi bilen düzedilip bolýandyr we oňaýly kosmetiki netije alynýandyr.

8-10 sm. – ortaça görkezijiden pes bolan uzynlykdyr. Ol artykmaç beden agramlylygy, nesil yzarlaýjylyk häsiýetleri we beden aýratynlyklary bilen bagly bolup biler. Kesel bilen bagly sebäbini anyklamak üçin urologa ýüz tutuň. Eger bozulma anyklanylmasa, ondan peýdalanmagy öwreniň we göwniçökgünlilige ýol bermek üçin sebäbiň ýokdugyny biliň. Şahsyýet höküminde kämilleşiň we jynsy gatnaşyklarda ol santimetrleriň ýeke-täk çykalga bolup bilmeýändigini ýatda saklaň.

11-16 sm. – siz orta görkezijili uzynlykdaky ujydyň eýesi bolup, biynjalyk bolara sebäp ýokdur. Eger bu babatda siz biynjalyk bolýan bolsaňyz, onda mümkin siziň öz mümkinçilikleriňize göwnüňiz ýetýän däldir ýa-da siz ýaş bolup, has uly adam bilen maslahatlaşmaga çekinýänsiňiz, bolmasa hem siz pornografiki filmlere has köp üns berýän bolmagyňyz mümkindir. Bar bolan mümkinçilikden peýdalanmagy öwreniň, şeýle hem öz ünsüňizi okuwyňyza, işiňize, gyzyklanmalaryňyza gönükdiriň.

17-20 sm. – siz buýsanyp bilersiňiz, bu orta görkezijiden uly uzynlykdyr.

21-26 sm. – siz uly ujydyň eýesi. Takyklyk üçin ýene bir gezek ölçäp görüň. Bu siz üçin uly buýsanç bolsa hem, jynsy gatnaşyklarda siziň ýanýoldaşyňyzda oňaýsyzlyk döredip biler. Onda jyns agzalarynyň şikeslenmesi bolmaz ýaly ägä boluň. Ondan başga-da, prezerwatiw saýlamak hem kynçylyk döredip biler.

27 sm. we ýokary – ýene bir gezek ölçäp görüň. Şeýle uzynlyk bolup bilmeýär. Bolaýan ýagdaýynda hem, ol önelgelilik ulgamynda çynlakaý bozulmalaryň bardygyndan habar berip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 13488 gezek okalan