Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AZOOSPERMIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

"Salam! Azoospermiýa näme we ony bejermegiň ýollary barmy?"

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Azoospermiýa – dölde spermatozoidleriň (erkeklik öýjükleriniň) bolmazlygy bilen häsiýetlenip, erkek adamlarda spermatozoidleriň emele gelme hadysasynyň bozulmagy netijesinde döreýär.

Urolog lukmanlary keseliň iki görnüşini tapawutlandyrýarlar:

Obstruktiw (ýapylma) görnüşi – bu ýagdaýda tohum çykaryjy ýodajyklaryň geçirijiliginiň bozulmagy netijesinde spermatozoidler döle düşüp bilmeýärler. Bu tohum çykaryjy kanallaryň doga kemçilikleri, olardaky sowuklama hadysalary, warikosele keseli, tohum haltajygyň şikeslenmeleri, gasyk we tohum haltajygynda döreýän ingiler sebäpli döräp bilýändir.

Obstruktiw däl görnüşi erkeklik öýjüklerini işläp çykarýan ýumurtgajyklaryň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýandyr. Şeýle ýagdaý ýumurtgajyklaryň çiş kesellerinde, zäherleýji maddalaryň we ionizirleýji şöhleleriň olara ýetiren täsiri netijesinde döräp bilýär.

Azoospermiýa indiki ýagdaýlarda hem wagtlaýyn ýüze çykyp bilýändir: wirusly ýa-da bakterial ýokançlyklarda, stres sebäpli, käbir derman serişdeleri kabul edilende, gyzgyn sauna ýa-da hammama ýygy girilende, şeýle hem erkek adamda wagtlaýyn güýçli seksual işjeňlik bolanda.

Azoospermiýa çaga galdyryp bilmezlik kynçylygy bilen alamatlanýandyr.

Bejergisi:

Munuň bejergi çäreleri bozulma getiren sebäbe görä geçirilýär: obstruktiw azoospermiýada hirurgiki bejergi ulanylyp, tohum geçiriji ýodajyklaryň geçirijiligi dikeldilýär. Endokrin bozulmalarda gormon serişdeleri bilen erkeklik öýjükleriniň ösüşi tijendirilýär. Bejergi çäreleri netije bermedik halatynda, ekstrakorporal tohumlandyrma usullary ulanylýar.

Azoospermiýa bozulmasy bolan näsaglar urolog, androlog lukmanlaryna ýüz tutmalydyrlar. Gerek bolan halatynda, endokrinolog we hirurg lukmanlaryň maslahaty wajypdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 60 gezek okalan