Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GOMOSEKSUALLYGYŇ BEJERGISINI ALYP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gomoseksuallygyn bejergisini alyp bolyarmy"Salam hormatly lukman. Haýyş edýärin, meniň şu soragyma jogap beräýseňiz. Bir dost oglanym özünde gomoseksuallyk bardygyny aýtdy. Ýagny ol diňe erkek adamlar bilen jynsy gatnaşykda bolmagy isleýär, ýöne muny etmegiň nädogrudygyny bilýäni üçin bejergisini alasym gelýär diýdi. Bu keseli nädip bejerip bolýarka? Sizden uly haýyş, jogabyny ýazaýsaňyz. Elektron salgyma ugradaýyň!"

Saýtyň okyjysy

Hormatly okyjy,

Siziň dostuňyz näçe ýaşynda? Onuň birinji jynsy gatnaşygy näçe ýaşynda bolup geçipdir we ol gomoseksual gatnaşykmydy? Onuň aýallar bilen gatnaşygy nähili? Dostuňyz öýlenenmi, çagasy barmy? Bu soraglara jogaplar käbir zatlary aýdyňlaşdyrmaga kömek edip bilerdi.

Häzirki wagtda gomoseksuallyk kesel hasaplanmaýar. Ol adamyň seksuallygynyň ýüze çykma ugry hasaplanýar. Psihologlaryň, seksapatologlaryň pikirine görä, güýç bilen seksuallyk ugruny üýtgetme synanşyklaryň islendik usuly adamyny gamgynlyk, oňaýsyzlyk, alaçsyzlyk ýagdaýyna getirip, köp halatlarda öz janyna kast etme ýagdaýyna hem itergi berip bilýändir.

Başga tarapdan, eger ýaşlykda zorlanma, aýal bilen ugruna bolmadyk ilkinji jynsy ýanaşma ýaly ýagdaýlar gomoseksuallyga getiren bolsa, elbetde, psihologlaryň kömegi netijeli bolup bilerdi.

Gomoseksuallyga getiren sebäpleri anyklamaga, gomoseksuallyk bilen jemgyýetde uýgunlaşma geçmäge kömek almak maksady bilen dostuňyza tejribeli psiholog lukmana ýüz tutmagy maslahat beresim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany

  • 21 gezek okalan