Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.39 (75 Ses)

Hormatly okyjy!

Är-aýal jübütleriniň köpüsi jynsy gatnaşygyň kadaly dowamlylygyndan bihabar bolýarlar. Şol sebäpden hem, olaryň käbiri kadaly dowamlylygy bozulma hasaplap, urolog lukmanyna ýüz tutsalar, köpler juda gysga jynsy gatnaşyklaryny kada hasaplap, bu ýagdaý barada ýüz tutmany zerur hem hasaplamaýarlar.

Jynsy gatnaşyklaryň kadaly dowamlylygy erkek adamynyň saglyk we emosional ýagdaýyna, onuň fiziki we psihiki taýdan başarjaňlygyna, iýmitlenmesine bagly bolup, dürli-dürli görkezijilere eýe bolup biler.

Kadaly görkezijiler kesgitlenende esasan gatnaşyklaryň dowamlylygy we ujydyň jynshanada öňe-yza amala aşyrýan hereketleriniň umumy sany nazara alynýar. Kadanyň aşaky araçägi höküminde ujydyň 68 hereketi bilen 1 minutdan az bolmadyk wagt aralygy kesgitlenýär. Ýokarky araçäk belli bir görkezijä eýe bolman, 3,5 minutdan 10 minut dowamlylyga deňdir. Ýöne 10 minutdan uzak geçýän jynsy gatnaşyklar erkegi hem, aýaly hem ýadadyp biler. Jynsy gatnaşygynyň dowamlylygy her jübüt üçin aýratynlygy bilen tapawutlanyp, esasy görkeziji- jübütleriň özara kanagatlanmagydyr.

Seksopatologlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşyklaryň aralygy näçe ýygy boldugyça, şonça hem olar dowamly geçýär.

Jynsy gatnaşyklarynyň dowamlylygyny gysgaldyp biljek sebäpler we olaryň bejergi çäreleri barada maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.{KomentoDisable}

  • 13298 gezek okalan