Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

LEZZETIŇ ALAMATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.90 (101 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz maşgala durmuşynyň gyrasyndan ýaňy aýak basan ýaş çatynjalar bolup durýarsyňyz. Şonuň üçin hem, biri-biriňize ýaramly gyjyndyryjy (erogen) nokatlary, gatnaşyk görnüşlerini (poza) siz diňe biri-biriňizi öwrenip tapyp bilersiňiz.

Aýal maşgalany jynsy gatnaşyklarda kanagatlandyryp, oňa lezzetli duýgulary bermek üçin taýynlaýjy çäreleriň (posalar, sypalamalar, erogen nokatlary gyjyndyrma) geçiriliş häsiýeti, dowamlylygy diýseň wajypdyr. Ol barada bir-iki sözde aýtmak mümkin hem däl. Şonuň üçin, men Size aýal seksuallygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýalyň we erkegiň jynsy isleginiň arasynda tapawut barmy?" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Aýal orgazmy barada aýdylanda bolsa, bu düşünjäni bir kesgitleme bilen düşündirip bolmaýar. Eger erkek orgazmynyň (lezzetliligiň ýokary nokady) aýdyň alamaty höküminde eýakulýasiýany (döli dökme) bellemeli bolsa, aýal orgazmynyň aýdyň alamatyny belläp bolmaýar. Şonuň üçin hem, erkek adamlar tarapyndan berilýän "Aýal maşgala "döküp" bilýärmi?" diýen sorag aýdyňlaşdyrylmany talap edýändir.

Aýalyň jyns ýollaryndan bölünip çykýan nem jynsy gatnaşyklaryň başynda, "taýynlanma" döwründe hem çykyp, onuň gyjyndyrmalara "jogap" berip, jynsy gatnaşyga taýyndygyny aňladyp bilýändir. Şeýle-de, nem orgazmyň alamatlarynyň biri bolan ýatgynyň we jynshana myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde hem bölünip çykyp, "dökme" alamatyny berip biler. Ýöne bölünip çykýan nemiň ujypsyzlygy sebäpli köp ýagdaýlarda bu alamat esasy alamat höküminde jübütler tarapyndan duýulmaýar hem. Görşümiz ýaly, jyns agzalaryň nemlenmegi aýal orgazmynyň ýeke-täk alamaty däl.

Jynsy gatnaşyklarda aýalyň hereketiniň we dem almasynyň çaltlanmagy, sojamagy, göwsüniň we emzikleriniň gatamagy, jyns dodaklarynyň ulalmagy, ýatgynyň we jynshana myşsalarynyň ýygrylmagy (we nemiň bölünip çykmagy) onuň lezzetli duýgyny başdan geçirjekdigini alamatlandyryp biler. Jynsy gatnaşykdan kanagatlanan aýalyň keýpi hem ýokarlanyp, şähdaçyk bolýar, gujurlylygy ýokarlanýar. Sebäbi onuň bedeninde endorfin gormonlary döräp, ol şolaryň täsirinde bolýar.

Aýal seksuallygynyň wagtyň geçmegi bilen ýaýbaňlanýandygyny ýatda saklamalydyr. Şonuň üçin hem adamsy tarapyndan bildirilýän duýgular, gözlegler, tagallalar hökman aýal maşgalanyň duýgurlylygyny ýokarlandyryp, är-aýal düşeginde oňa kanagatlanma bermäge ýardam berer.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 22474 gezek okalan