Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KESAREWO OPERASIÝASYNDAN SOŇKY JYNSY GATNAŞYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (24 Ses)

Hormatly okyjy!

Kesarewo kesimi arkaly dogrumdan soň ýatgynyň içki gatlagynyň dikeldilmegi, ýatgynyň ýygrylyp kiçelmegi we operasiýadan soňky tyg yzynyň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Lukmanlar kesarewo kesimi arkaly geçen dogrumdan soň jynsy gatnaşyklary 4-6, kähalatlarda 8 hepdeden soň başlamagy maslahat berýärler.

Dogrum ýollarynyň ýyrtylmagy, zor salynmagy bilen geçen tebigy dogrumy geçiren aýallardan tapawutlylykda, kesarewo operasiýasyndan soň aýallarda geçirilen jynsy gatnaşyklar agyrsyz bolup biler. Ýöne oňa garamazdan, operasiýadan soňky jynsy gatnaşyklar aýalyň psihiki taýynlygy döränden soň, emaý bilen geçirilse howpsuz bolar.

Şeýle hem, bu döwürde göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanma barada pikir edilmelidir. Operatiw dogrumdan soň ýatga spiral serişdesini 5-6 aýdan (käbir ýagdaýlar bilen goýulmaly bolsa hem 3aýdan ir bolmaly däl) goýma, gormon serişdeleri bolsa 2-3 aýdan ulanma maslahat berilýär. Göwüsden emdirýän we emdirmeýän aýallar üçin gormon serişdeleriniň düzüminiň tapawutly bolup, lukmanyň maslahatyny talap edýändigini belläsim gelýar.

Operatiw dogrumy geçiren aýallar dogrum öýünden çykandan soň 2 aýyň dowamynda ginekolog lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5410 gezek okalan