Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AGYRYLY GATNAŞYKLARYŇ SEBÄBI
Hormatly okyjy!
Lukmançylyk barlagyny geçirmezden belli bir maslahat bermek kynçylyk döredýär. Çünki agyryly jynsy gatnaşyklary döredip biljek köp sebäpleri belläp bolar: jynshananyň, ýatgynyň we ýumurtgalyklaryň sowuklama keselleri, onuň netijesinde dörän sepleşme ýagdaýy, ýatgynyň uly ölçegli miomalary, endometrioz keseli. Ondan başga-da, jynshananyň gatnaşyk wagty nemlenmesiniň ýeterlik bolmazlygy, jynshananyň myşsalarynyň dartylyp gowşamazlygy (waginizm keseli) hem agyryly gatnaşyklara getirip biler.
Galyberse-de, seksopatologlar tarapyndan gatnaşyk wagty has oňaýly ýagdaýy tapmak üçin dürli görnüşlerde (rus. poza) jynsy gatnaşyklary geçirip, saýlap almak, olary gezekleşdirme maslahat berilýär.
Jynsy agzalaryň kesellerini aradan aýryp, peýdaly maslahaty almak üçin aýal (ginekolog) lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 10834 gezek okalan