Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
LUBRIKANTLAR NÄME ÜÇIN GEREK?
Hormatly okyjy!
Lubrikantlar – jynsy gatnaşygy geçirmegi ýeňilleşdirmäge ýardam berýän organiki serişdelerden ýasalan jynshanany çyglandyryjy suwuklyklardyr. Köp adamlaryň: "Men kynçylyk duýamok, şonuň üçin hem maňa lubrikantlaryň geregi hem ýok" diýmekleri mümkin. Ýöne olaryň peýdasynyň köpdürliligi biziň pikir edişimizde hem köpdür:
► Lubrikantlar jynsy gatnaşygy wagty ujydyň hereketlerini ýeňilleşdirýärler. Köplenç dürli sebäplere görä (gormonal bozulma, alawlama keseller, ýaş bilen bagly bozulmalar) jynshananyň adaty, fiziologiki çyglandyrylmagy bozulýar we jynsa gatnaşyklar wagty agyrylar döräp bilýär. Şol ýagdaýlarda emeli çyglandyryjylary ulanma jynsy gatnaşyklary ýeňilleşdirip, täze duýgulary başdan geçirmäge kömek edip biler.
► Lubrikantlar erkek adamlar üçin hem peýdaly bolup bilýär. Bu serişdeler dürli sebäplere görä, ereksiýa (ujydyň gönelme ýagdaýy) bilen bagly kynçylyklary bolan erkek adamlaryň bolan bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edýär. Köp halatlarda lubrikantlar wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýa bozulmalarynda hem jynsy gatnaşyklary uzaltmaga ýardam edip bilýär.
► Lubrikantlar jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden goraýar. Bu serişdeler öz düzümine görä diňe bir jynshananyň nemli gatlagyny şikeslenmelerden goraman, eýsem alawlama, ýokançlyklara garşy hem serişdeleri saklaýarlar. Olaryň köpüsi öz düzüminde derman otlaryň ekstraktlaryny, witaminleri, peýdaly minerallary saklaýarlar.
► Lubrikantlar jynsy gatnaşyklara "täzelikleri" girizmäge kömek edýär. Häzirki wagtda öndürilýän lubrikantlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklara täze "öwüşgin" berip biljek häsiýetleri saklaýandyr. Meselem, jynshanany "daraldýan" lubrikantlar, gyzdyryjy ýa-da sowadyjy häsiýetliler, hatda dürli tagamly lubrikantlar hem öndürilýändir.
Lubrikantlar saýlananda olaryň düzümine we ýaramlylyk möhletine üns berilmelidir. Düzüminde suwly esas bolan lubrikantlar, mineral ýagly esasy bolan lubrikantlar bilen deňeşdirlende, öz häsiýetleri boýunça adaty ýagdaýdaka meňzeşdir. Ondan başga hem, olaryň turşylyk derejesine (Ph) üns bermelidir. Bu görkeziji 4,5-5,5 deň lubrikantlar derinň hemme görnüşlerine hem gabat gelýändir.
Allergiki täsirliligi ýokary bolan adamlara gipoallergen çyglandyryjy gelleri saýlama maslahat berilýär. Şeýle hem, lubrikantyň düzüminde saklanýan we jynsy gatnaşygy uzaltmaga ýardam berýän lidokainiň, duýujylygy peseldýändigi sebäpli şikeslenmeleri döredip biljekdigini bilmelidir. Köp gellerde saklanýan hlorgeksidin bolsa köp ýokançlyklara garşy ulanylýan serişde bolsa hem, zyýanlylar bilen bilelikde peýdaly bakteriýalary hem ýok edip bilýändir.
Lubrikantlary saýlama meselesinde öz lukmanyňyzyň ýa-da dermanhananyň işgäriniň maslahatlaryny göz öňüne tutma peýdaly bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 7458 gezek okalan