Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

UZALDYLAN JYNSY GATNAŞYKLAR WE SPREÝ SERIŞDESI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

"Salam. Men Internetden jynsy gatnaşygy uzaldýan spreýler barada okadym. Ulanylanda olaryň zyýany barmy we olary nireden alyp bolar?"

Okyjy

 

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygy uzaldýan spreýler (olar gel görnüşde hem öndürilýär) jynsy gatnaşygyň 10-15 min öňýany sepilýär. Olaryň düzümindäki agyrsyzlandyryjy (köplenç lidokain) serişde ujydyň kellejiginiň duýujylygyny peseldip, jynsy gatnaşygyň dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýär. Speýler ulanylanda, aýalyň jynshana diwarlarynyň duýujylygyny peseldip bilýändigi üçin prezerwatiw ulanmak maslahat berilýär. Prezerwatiw islenilmedik göwrelilikden, jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goraýan ýeke täk serişdedir.

Şeýle hem, bu spreýleri ulanmaga garşy görkezmeleri hem bilmelidir. Spreýleri olaryň düzümindäki dermanlara (esasan lidokaina) allergiki täsirlilik bolan ýagdaýlarynda, ýürek-damar kesellerinde (has hem ýürek ritminiň bozulmasynda) ulanmak maslahat berilmeýär.

Jynsy gatnaşygy uzaldýan spreýleri ulanyp başlamazdan öň, dölüň wagtyndan öň dökülmeginiň sebäbini lukmançylyk barlagy netijesinde anyklamak wajypdyr. Çünki spreýleri ulanmak, erkeklik jyns agzalarynda dörän kemçilikleri aradan aýyrmaýar.

Spreý görnüşli serişdeleri şäheriň hususy dermanhanalaryndan alyp ýa-da sargap getirdip bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2905 gezek okalan