Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYGYŇ ÝYGYLYGY SAGLYK ÜÇIN ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (134 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamlar jynsy islegi we işjeňliginiň ýüze çykyş derejesi boýunça dürli-dürli bolup, ol ýagdaý beden aýratynlyklaryna baglydyr. Ýöne çenden aşa seksual işjeňlik, wagtyň geçmegi bilen ruhy gamgynlylyga, uky bozulmalara, gaharjaňlyga, ýadawlylyga, jynsy gowşaklyga getirip biler. Juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklarda, kadaly gatnaşyklara ýardam berýän biologiki suwuklyklaryň bölünip çykmasynyň yza galýandygy sebäpli ýaramly, lezzetli keýp alma duýgulary peselýär, olaryň ýitiligi ýitýär.

Käbir seksopatologlaryň bellemegine görä, juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklar, jynsy işjeňligi kadalaşdyrýan merkezleriň dartgynlylygynyň ýokarlanmagyna getirip, bedeniň garrama ýagdaýynyň wagtyndan öň, has ir başlanmagyna hem itergi berip biler.

Siziň ýagdaýyňyzda, uzak wagtdan soň, jynsy gatnaşyklary bir gezek tapgyrlaýyn ýygy geçirmek hiç hili ýaramaz täsirlere getirmez diýip pikir edýärin.

Öz seksual aýratynlyklaryňyza, ýaşyňyza görä, jynsy gatnaşyklary kadaly geçirip, hemişe seksual „açlygy“ duýup gezmek lukmanlar tarapyndan dogry hasaplanýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 54261 gezek okalan