Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JYNSY GATNAŞYGYŇ KADALARYNY NÄHILI BERJAÝ ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.79 (47 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamlarda jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy onuň ýaşyna, saglyk ýagdaýyna, seksual islegine görä dürli-dürli bolup, bu meselede belli çäklendirmeleri belläp bolmaz.

Bir adam üçin bir günde jynsy gatnaşyklary 2-3 gezek geçirmek kada bolsa, başga biri üçin hepdede 2-3 gezek, üçünji birleri üçin bolsa aýda 3-4 gezek geçirmek amatly bolup biler.

Tertipsiz jynsy gatnaşyklar (jysy gatnaşyklary dürli adamlar bilen geçirmek) jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleri ýaýratmagyň esasy sebäbidir. Meselem, sözenek, trihomoniaz, hlamidioz, AIDS... Bu keseller barada Siz öň eşidensiňiz, belli bir maglumatlary alansyňyz.

Biziň saýtymyzda hem bu keseller barada doly maglumatlary berýän makalalar ýerleşdirilendir.

Bu keseller diňe adamyň saglygyna, janyna howp salman, eýsem onuň geljekki nesilleriniň hem saglygyna zyýan ýetirip bilerler.

Galyberse-de, jynsy gatnaşyklaryň tertipsizligi söýgi duýgusy, sabyrlylyk, ynanç, utanjaňlyk ýaly gymmatly duýgulary "küteldýär". Adamyny öz seksual islegini kanagatlandyrýan, emosianal taýdan garyp bir "maşyna" öwrüp bilýär.

Tertipsiz jynsy gatnaşyklaryň aşa ýygylygy jynsy gowşaklyga ýa-da başga seksual bozulmalara getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, Lukman.

  • 23861 gezek okalan