Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGY NÄÇE BOLMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (72 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň saglyk ýagdaýyna, keýplilik duýgusyna (orgazm) ýetme ukybyna, jynsy gatnaşyklaryň arasyndaky wagtyň dowamlylygyna, gatnaşyklaryň geçýän wagtyna we ýerine, aýalyň aýbaşy halkasynyň döwrüne bagly bolup, ol dürli-dürli jübütlerde dürli wagt görkezijilerine eýe bolup biler.

Seksologlaryň geçiren barlaglary, iň gysga dowamly gatnaşyklaryň 1 min 14 sek, iň uzagyň – 3 min 34 sek, ortaça görkezijileriň – 2 min 2 sekunda deň bolandygyny görkezdi.

Aýal üçin jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy däl-de, onuň jynsy kanagatlanmany (orgazm duýgusyny) almagy has möhümdir. Onuň üçin bolsa, dürli jübütler öz islegine görä, dürli wagty sarp edip bilerler. Orgazm duýgusyna aýal bir gezek ýetip hem kanagatlanyp biler, ýöne bu duýguny yzygider (multiorgazmy) başdan geçirmäge ukyply aýallar hem bardyr. Bu ýagdaý aýalyň jynsy islegine we tejribesine bagly bolup, jynsy gatnaşyklar wagtynda ýanýoldaşyňyzyň bedenini öwrenme, bu häsiýetleri gowy ýüze çykarmaga ýardam berip biler. Dölüň çalt dökülmegi (wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýa) dürli beden we psihiki saglygyň bozulmalary netijesinde ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýyň sebäpleri we bejergisi barada maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makaladan tapyp bilersiňiz. Şeýle hem Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 24627 gezek okalan