Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄÇE ÝAŞDA DURMUŞ GURULSA GOWY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (60 Ses)

Hormatly okyjy!

Berk maşgala gatnaşyklary üçin diňe fiziologiki taýdan ýetişmek ýeterlik bolman, eýsem ruhy we sosial jähtden hem ýetişmek örän wajypdyr.

Lukmanlaryň we sosiologlaryň pikirine görä, gyzlar üçin 21-24, oglanlar üçin 21-26 ýaş aralygy maşgala gatnaşyklaryny başlamaga has amatly döwür bolup biler. Bu döwürde adam fiziologiki taýdan doly kemala gelýär. Ol bilim almasyny  tamamlaýar, belli bir hünäri özleşdirýär. Onuň öz dünýägaraýşy emele gelýär. Elbetde, şahsyýetiň ösüp kemala gelen gurşawyna, ruhy ýagdaýyna, gylyk-häsiýetine, jemgyýetçilik ýaşaýşa bolan ukybyna, jogapkärçiligi duýma derejesine baglylykda, kim 20 ýaşda hem bu gatnaşyklara taýyn bolsa, başgalar 30 ýaşda-da maşgala gatnaşyklary üçin "ýetişmedik", ondan "howatyrlanýan" adam bolup galyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 21150 gezek okalan