Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DELJE ZAT
Hormatly okyjy!
Siziň belleýşiňiz ýaly, "delje zadyň" ýa-da täze duýgularyň gözleginde, är-aýal jynsy gatnaşyklarynda dürli usullary, seksual hyýallaryňyzy, islegleriňizi biri-biriňize äşgär etmek kadaly ýagdaýdyr. Iki tarapyň islegine görä, seksual durmuşa girizilýän islendik täzeliklere kada höküminde seredip bolar. Elbetde, bu özgertmeler är-aýalyň biri-birine bolan duýgusyna, islegine, ýaşyna, terbiýesine, ahlak kadalaryna we dini garaýyşlaryna baglylykda saýlanylýandyr. Ondan başga-da, är-aýal jynsy gatnaşyklaryndaky täzeliklere bolan isleg, maşgala durmuşynyň dowamlylygyna gönüden-göni baglydyr. Maşgala durmuşynyň dowamlylygy näçe uzak bolsa, şonça hem seksual täzeliklere bolan isleg artýandyr.
Siz "erkek mydama delje zadyň gözleginde bolýar" diýip belleýärsiňiz. Aýallaryň 55-60%-niň jynsy gatnaşyklarda doly kanagatlanma tapmaýanlygyny we olaryň hem öz seksual durmuşynda täzelikleri isleýändigini ýörite geçirilen sorag etmeler görkezdi.
Aýallaryň köpüsi öz terbiýesine, milli däp-dessurlarymyza we dini garaýşymyza baglylykda bu barada aç-açan gürrüň etmeýärler...
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 21123 gezek okalan