Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SPIRALLAR ZYÝANLYMY?
Hormatly okyjy!
Enäniň bedeniniň berkeşmegi, gurplanmagy üçin dogrumlaryň arasyna 2-3 ýyl salmak dogry hasaplanýar. Eger göwreliligiň öňüni almak üçin ýatga spiral goýdurmagy isleýän bolsaňyz, gelniňiziň ginekolog lukmanynyň barlagyndan geçmegi gerekdir.
Diňe lukman spiraly goýmak üçin görkezmeleri ýa-da oňa garşy bolan görkezmeleri kesgitläp biler.
Göwrelilige güman edilen ýagdaýlarynda, ýatgydan disfunksional gan akmalarda, jyns agzalaryň ýiti hem-de dowamly sowuklamalarynda, jyns agzalarda dörän täze döremelerde ýatga spiral goýmak bolmaýar. Ýatga goýulýan spiral hem-de göwreliligiň öňüni alyş başga serişdeleri barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontrasersiýa) barada näme bilmeli?", "Göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri: toslamalar we hakykat" atly makalalardan okap bilersiňiz.
Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.
- 14531 gezek okalan