Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GABANJAŇLYK: KESELMI ÝA-DA SÖÝGI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.99 (85 Ses)

Hormatly okyjy!

Gabanjaňlyk duýgusyny başdan geçirmedik adam ýok bolsa gerek. Ol öz gözbaşyny nireden alýan duýgyka? Öz halaýan adamyňdan jyda düşmegiň öňündäki gorkymy ýa-da hususy eýeçiligiň alamaty? Belki-de, gabanjaňlyk söýgi duýgysynyň hemrasy bolup, oňa adatylyk hökmünde garamalydyr.

Biziň hemmämiz öz söýgülilerimiz üçin ýeke-täk bolasymyz gelýär. Bu adaty hem-de düşnükli islegdir. Söýgüli adamsynyň ikilik edýänini duýan haýsy adam beýle ýagdaýa arkaýyn garap biler? Şeýle ýagdaýlarda gabanjaňlygyň döremegi garaşylýan, kanunalaýyk ahwalat bolup biler. Ýöne köplenç bu duýgy essasyz döräp, onuň ýumrujy häsiýeti jübütleriň aragatnaşygyny bozup biler.

Köp ýagdaýlarda  gabanjaňlyk diňe öz söýgüli adamsyna däl-de, özüne-de ynamlylygy bolmadyk  adamlarda döreýändir. "Ol gyz menden owadan (akylly, syratly we ş. m.) Birden hem ol bu gyzy halaýsa?" diýen pikir gabanjaň adamyny köseýär. Öz-özüňe ynamly bolmazlyk – hemme gabanjaň adamlaryň esasy alamatydyr.

Psihologlar bu häsiýete garşy göreşmek üçin şeýle çäreleri maslahat berýärler:

♦ Bu maslahat ýaňy duşuşmaga başlan ýaşlara degişlidir. Öz aragatnaşyklaryňyzyň uzakmöhletleýin netijesini kesgitläň. Eger oglan bu aragatnaşyga  wagt geçirme hökmünde garaýan bolsa, Siziň hem onuň bilen durmuşy çynlakaý meýilleşdirmegiňiziň manysy ýokdur. Ýöne gyz bu gatnaşyga çynlakaý garaýan bolsa, elbetde, onda gabanjaňlyk duýgusy döräp biler.

♦ Öz jübütiňiz bilen özüňizi alyp barma düzgünleriniň kadasyny kesgitläň. Size adaty bolup görünýän hereket, onuň üçin oňaýsyz, ilden çykgynç bolup, Siziň aragatnaşygyňyzy ajadyp biler.

♦ Özüňize hem-de söýgüliňize "psihologiki giňişligi" dörediň. Wagty özüň üçin sarp etme, joralaryň (dostlaryň) bilen gatnaşmak, hünäriňde ösüş gazanmak, gyzyklanýan zadyň bilen meşgullanmak seni öz duýgularyňa bakna bolmakdan halas edip, başga adama emosional taýdan garaşly bolmakdan gorar. Seniň şahsyýet hökmünde ösmegiňe kömek eder.

♦ Ikiňizi hem gyzyklandyrýan zatlaryň bolmagy wajypdyr. Jübütleri birleşdirýän umumy iş, gyzyklanmalar biri-biriňi gowy tanamaga, ýakynlaşmaga ýardam berer.

♦ Öz-özüňizi gowy görüň, sylaň. Başgalaryň Siz baradaky pikiri, özüňizi daş-töweregiňize görkezişiňize, özüňizi alyp barşyňyza, özüňize berýän bahaňyza, ynamlylygyňyza juda baglydyr. Şeýle özüne ynamly adamlar özüne çekiji bolup, olar bilen tanyşmaklyga ymtylma döreýär.

Gabanjaňlyk duýgusy hem,  edil nahary tagamly edýän goşundylar ýalydyr: az mukdarda ol söýgini berkidip, gözelleşdirýän bolsa, aşa köp mukdarda ony öldürip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 26120 gezek okalan

Teswirler (26)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

@jema Asha gabanmak narssist adamlaryng hasiyeti hem bolup bilyar. Angy osmedik, ozune ynanmayan yashlar sheyle bolyar. Mekdebimizde bu barada aydanoklar. Orslar ongler edebivtyng usti bilen okadyardylar indi bolsa bazarda sowda edyan dayzalar...

@jema Asha gabanmak narssist adamlaryng hasiyeti hem bolup bilyar. Angy osmedik, ozune ynanmayan yashlar sheyle bolyar. Mekdebimizde bu barada aydanoklar. Orslar ongler edebivtyng usti bilen okadyardylar indi bolsa bazarda sowda edyan dayzalar edebiyat okadyar. Her zadyтп сheni chaky bar, instiktleri kontrol etmane owretmeli gyzada oglanada. Basysh bilen dalde ylym, bilim, edebiyat ....shu wagt soygini yashlarymyz insta dan owrenyarler

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýokardakylara goşulyan...

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gawanjañlyk soŷgini soŷgini duŷdurŷan znak ŷaly bir zatdyr gawanmayan jubutler biri birini dalle diñe ozuni soyyan ynsanlardyr.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Naharynyzyny gosyan tagamynyza seresap bolun asa kon gossan tagamy gowy bolmaz HEMMANIZIN NAHARNYZ DATLY TAGAMLY BOLSun

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Soygem bolgusuz zat gabanjanlygam hemise šadyyan bolyp gezmeli ana bar bolony ☝??

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gawanjaň hem özüňe hem garşyňdaky ynsan azap berýä elbetde söýýän adamyňy gawanmazlyk mümkün däl ýöne artyk gawanjaklyk arany bozar meniň başymdan geçdi

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

hiç wagt adamy gawanyp saklap bolmaya naçe gawansananam zanynda bolmasa bolonok sirawno etjegini etya

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gawanÿan adam soýýandir men gawanmasa ukymam tutmaýar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Mana seylebir maslahat zerur men hicem oz soyyanim yitirmek islamok men son ynanymyn gazanmak onun mana ynanmagyn isleyan

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men soyyanim bardy men ol bn aramyz bozuly ol meni ikilik etyandr diyip mydama mana ynanmazcylyk etya sizin pikrinizce bu gawqnjanlykmy yada ynanmazcylykmy

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location