Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MAŞGALA DURMUŞYNYŇ KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (59 Ses)

Hormatly okyjy!

Ilkinji gijäniň aýratynlyklary barada ýalňyş maglumat alan emosional taýdan durnuksyz gyzlarda, ilkinji gatnaşyklara bolan garaýyş agyryly "ejirlere" garaşma duýgusy bilen baglanşyp biler. Bu meselede Siziň özara düşünişmegiňiz, pikir alyşmalaryňyz gerek. Eger Siz maşgalany özara duýgulara esaslanyp guran bolsaňyz, meseläni çözmegi gelniňizden jynsy gatnaşyklara bolan görkusynyň sebäbini soramakdan başlamak ýerlikli bolar. Şeýle ýagdaýda, birbada jynsy gatnaşygy geçirmäge ymtylmaň. Hat-da ikiňiz ol barada pikir hem etmäň. Ýekelikde, arkaýyn ýagdaýda özara posa alyşmalara, sypalamalara, näz-kereşmelere üns berip, teniňizi öwreniň. Kynçylygyň çözgüdi öz-özünden tapylar.

Bu mesele babatda has habarly bolmak üçin, saýtyňyzda ýerleşdirilen "Aýallar näme barada aýdyp bilmeýärler: aýal seksuallygynyň bozulmalary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Size bagt arzuw etme bilen, saýtyň lukmany.

  • 13169 gezek okalan