Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄME ÜÇIN IÇEGE AMÝOBASY MUGTHOR HASAPLANYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Içege amýobiazy ýönekeýlere degişli bolan Entamoeba histolytika görnüşiň täsiri bilen döräp, ol ýerden gan damarlarynyň üsti bilen bagra, öýkene, beýnä ýaýrap hem biler.

Içege amýobasy üç görnüşde ýaşap bilýär: dokumalarda ýaşaýan, agzalaryň içinde ýaşaýan we sista görnüşleri. Ýokuşma sistalaryň ýogyn içegäniň ýokarky bölümlerine düşmegi netijesinde bolup geçip, ol ýerde olar agzanyň içinde ýaşaýan  görnüşine öwrülip, içegäniň dokumasyna (dokuma görnüşi) aralaşýarlar we onda sowuklamanyň we başlaryň döremegine sebäp bolýarlar.

Amýobanyň dokuma görnüşi diňe amýobiaz kesellerinde duş gelse, onuň başga görnüşleri amýobany göterijilerde gabat gelýär.

Belli bir sebäpleriň täsir etmegi netijesinde bolsa amýobany göterijilerde hem keseliň ýiti görnüşi ýüze çykyp biler.

Içege (dizenteriýa) amýobasy dürli gaýraüzülmelere getirip biljek parazitar keseli döredip, ol ýokanç keseller lukmanynyň gözegçiligini we bejergisini talap edýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2064 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location